ABŞ-nyň häkimiýetleri Amerikanyň energiýa korporasiýasy “ConocoPhillips”-iň Alýaskanyň demirgazyk-günbatar sebitlerinde nebit we gaz guýularyny burawlamaga mümkinçilik berýän taslamany tassyklady. Degişli resminama ABŞ-nyň Döwlet we jemgyýetçilik ýerlerini dolandyrmak boýunça býurosynyň web sahypasynda mälim edildi.
“Bu karar baradaky teswirnama, diňe üç ýerde burawlamagy öz içine alýan taslamany ösdürmäge mümkinçilik berýär” diýlip beýanatda bellenilýär.
“ConocoPhillips” korporasiýasynyň karar baradaky teswirnamasynda, guýularyň bir günde 180 müň barrele çenli nebit çykarmaga ukyplydygy bellenilýär. “Bu taslama federal hökümete, Alýaska ştatyna we Hort-Sloup sebitindäki jemgyýetlere 8 milliarddan 17 milliard dollar aralygynda täze girdeji gazanmaga mümkinçilik berer diýlip garaşylýar” diýlip kompaniýanyň wekilleri habar berdiler.
Döwlet edarasynyň kararynda bellenip geçilişi ýaly, umuman alanyňda, bu üç ýeriň ösdürilmegi 576 million barrel nebit çykarmaga mümkinçilik berer, emma şol bir wagtyň özünde 239 million tonna kömürturşy gazynyň howa zyňylmagyna sebäp bolar. Daşky gurşaw boýunça hünärmenler Alýaskadaky burawlama işleriniň howa zeper ýetirjekdigini we arassa energiýa syýasatyna ters geljekdigini öňe sürýärler. Muňa jogap hökmünde Prezident Jozef Baýden Alýaskanyň 16 million gektar ýerinde nebit we gaz burawlamagy çäklendirdi.