Dedektiw romanlarynyň meşhur awtory Agata Kristiniň eserlerindäki käbir jynsparaz we biperwaýlyk bilen ýazylan sözler aýrylyp, gaýtadan ýazyldy. Dünýäniň iň köp satylýan romanlarynyň eserlerindäki kemsidiji sözler ýa gaýtadan ýazyldy, ýa-da aýryldy. Iňlis ýazyjysynyň “Puaro” we “Hanym Marpl” ýaly hyýaly gahrymanlaryň başdangeçirmelerini gürrüň berýän kitaplarynyň täze nusgasynda etniki geliň çykyşy kemsidýän sözlere orun berilmedi. Redaktorlar eserlere köp sanly üýtgeşme girizipdirler.
1920-1976-njy ýyllar aralygynda ýazylan eserlerde gepleşiklerdäki düşünjesiz sözler, gahrymanlaryň beýanatlary we açyk kemsidiji sözler aýdyldy.
Mysal üçin, 1937-nji ýylda ýazylan dedektiw Erkýul Paorunyň gämide bolup geçen jenaýaty derňemegi barada gürrüň edilýän “Nildäki ölüm” atly romanyndaky gündogarly sözi romanyň täze nusgasynda ýok.
Redaktorlar çagalary birahat edip biljek sözleri hem aýrypdyrlar.
Ýeri gelende bellesek, mundan ozal meşhur britan çagalar ýazyjysy Roald Dalyň eserlerinde hem üýtgeşme giriziljekdigi mälim edilipdi.