«Çyn dost bähbit gözlemez»
Edep-terbiýe we ahlaky ündewleriň biri bolan bu nakylda dostluk temasyna ýüzlenilýär. Türkmen halkynda dosta, dostlukly gatnaşyga uly üns berilýär. Dost iň kyn günüňde kömege gelip, begenjiňi, gaýgy-hasratyňy deň paýlaşýar. Dostlary biri-birine ysnyşdyrýan güýç ynam bolup, birek-biregiň ynamyny ödemek we kömek etmek esasy şertleriň biri bolup durýar. Nakylyň umumy manysyny jemlänimizde adamyň özüne çyn dost saýlamalydygy, hakyky dostuň hiç wagt bähbit gözlemeýändigi, ýagny özüne bähbitli tarapy üçin hereket etmeýändigi, çyn dostuň islendik ýagdaýda seni ýeke goýmaýandygy beýan edilýär.
Ata-babalarymyz çagalara kiçilikden özüne wepaly dost tutunmalydygyny ündäpdirler. «Köne dost – eýerli at» diýen nakyldan ugur alan pederlerimiz dostuňdan habar alyp durmagy we dostlukly gatnaşygyň hiç wagt könelmeýändigini beýan edipdirler. Türkmen halk döredijiliginde hem-de ýazuwly edebiýatda hem dostluk temasyna uly üns berilýär. Nusgawy şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň döredijiliginde hem dostluk temasy esasy orny eýeläp, şygyrlarynyň içinden eriş-argaç bolup geçýär:
Magtymguly, bolsa başly,
Uýalmaz gylyçly, aşly,
Duzy zor, duşmany güýçli,
Dosty wepaly bolmasa.