Tur­ba­lar ar­ka­ly il­kin­ji ne­bit ge­çi­ri­ji­ler 1860-njy ýyl­lar­da peý­da bo­lup­dyr. Şon­dan bä­ri ener­gi­ýa se­riş­de­le­ri­niň dür­li gör­nüş­le­ri uzak ara­ly­ga tur­ba­lar ar­ka­ly ak­dy­ryl­ýar. Ola­ryň uzyn­ly­gy­nyň müň­ler­çe ki­lo­met­re ýet­ýän­le­ri hem bar. In­di bol­sa ener­gi­ýa­nyň tä­ze gör­nüş­le­ri tur­ba­lar ar­ka­ly ak­dy­ryl­ýar. Hy­taý­da uzyn­ly­gy 400 ki­lo­met­re ýet­ýän wo­do­rod ge­çi­ri­ji­niň gu­rul­jak­dy­gy ha­bar be­ril­di. SI­NO­PEC kom­pa­ni­ýa­sy ýur­duň il­kin­ji wo­do­rod ge­çi­ri­ji­si­ni gur­jak­dyk­la­ry­ny, ge­çi­ri­ji­niň Içer­ki Mon­go­li­ýa aw­to­nom se­bi­tin­den He­beý we­la­ýa­tyn­dan ge­çip, paý­tagt Pe­ki­ne çen­li ba­ryp ýet­jek­di­gi­ni ha­bar ber­di.
Uzyn­ly­gy 400 ki­lo­met­re ýet­jek ge­çi­ri­ji ar­ka­ly, il­kin­ji no­bat­da, ýyl­da 100 müň ton­na wo­do­rod ak­dy­ryl­ma­gy, uzak möh­let­li gel­jek­de bu gör­ke­zi­ji­niň 500 müň ton­na ýe­te­ril­jek­di­gi mak­sat edi­nil­ýär. Şeý­le­lik­de, Pe­kin we Týans­zin şä­her­le­ri bi­len He­beý we­la­ýa­tyn­da sarp edil­ýän ada­ty ýan­gyç­la­ryň wo­do­rod bi­len çal­şyl­jak­dy­gy aý­dyl­dy. Bu ba­ra­da ber­len mag­lu­mat­da tas­la­ma­nyň gur­lu­şy­gy­na baş­lan­jak we ta­mam­lan­jak wag­ty mä­lim edil­me­di.
Go­laý­da Hy­ta­ýyň Mil­li ener­gi­ýa eda­ra­sy ýurt­da çig ne­bit ak­dyr­ýan tur­ba ge­çi­ri­ji­le­riň uzyn­ly­gy­nyň 28 müň ki­lo­met­re, te­bi­gy gaz ge­çi­ri­ji­le­riň uzyn­ly­gy­nyň 120 müň ki­lo­met­re ýe­ten­di­gi­ni mä­lim edip­di. 2035-nji ýy­la çen­li bol­sa, te­bi­gy gaz ge­çi­rij­le­riň ýe­ne-de 65 müň, ne­bit ge­çi­ri­ji­le­riň 2 müň ki­lo­met­ri­niň gu­rul­jak­dy­gy ha­bar be­ril­di.
Hy­taý­da se­na­gat des­ga­la­ry köp ilat­ly şä­her­le­re ýa­kyn bo­lup, bu ýag­daý şä­her­ler­de ho­wa­nyň ha­pa bol­ma­gy­na ge­tir­ýär. Şeý­le bo­lan­soň, soň­ky ýyl­lar­da önüm­çi­lik des­ga­la­ry has az ilat­ly ýer­le­re gö­çü­ril­ýär. Şeý­le hem ýy­lan­mak üçin köm­rüň de­re­gi­ne te­bi­gy gaz­dan peý­da­lan­ma­gy ýa­ly çä­re­ler dur­mu­şa ge­çi­ril­ýär.