Angliýada şu gije ýylyň duşuşygynda soňky çempion Mançester Siti öz meýdançasynda sanawyň lideri Arsenaly kabul eder. Duşuşyk Aşgabat wagty bilen 00:00-da başlanar.

Häzirki wagtda Arsenal 75 utuk bilen 1-nji orunda barýar. Ondan 5 utuk yzda 2-nji ýerde barýan Mançester Sitiniň 2 oýny kem. Soňky 3 duşuşygyny deňme-deň oýnap, çempionlyk ugrunda uly ýitgä sezewar bolan Arsenalyň azyndan ýeňilmezligi gerek. Ýöne londonlylar soňky 15 oýunda Mançester Sitini diňe 1 gezek ýeňmegi başardy. Arsenal myhmançylykda Sitini soňky gezek 2015-nji ýylda ýeňip, 2016-njy ýylda-da deňme-deň oýnady. Şondan bäri Etihad stadionynda geçirilen 7 oýunda-da ýeňlişe sezewar boldy. Bu duşuşykda Mançester Sitiniň ýeňiş gazanmagy Arsenal üçin çempion bolmak mümkinçiliginiň juda azalmagy diýmekdir.