Russiýanyň Ylymlar akademiýasynyň Sibir bölüminiň Gün-ýerüsti fizika instituty Burýatiýa Respublikasynda Ýewraziýada iň uly Gün koronagraf-teleskopynyň gurluşygyna başlady. Milli geliogeofizik toplumyň iň çylşyrymly, iň gymmat abzaly bolan teleskop, Burýatiýanyň Mondy obasynyň golaýynda ýerleşýän Saýan Gün obserwatoriýasynyň çäginde gurulýar. Bahasy, takmynan, 36 milliard rubla deň bolan desga 2030-njy ýylda işe girizilmegi meýilleşdirilýär.
Teleskop magnit meýdanlarynyň tebigatyny we Gün işjeňliginiň siklini öwrenmek üçin niýetlenendir. Alymlar onuň kömegi bilen kiçi diametrli teleskoplara we orbital obserwatoriýalara elýeterli bolmadyk fotosferanyň ýuka gurluşlaryny öwrenip bilerler. Teleskop spektral seljeriş geçirmäge, magnit meýdanlary we materiýanyň hereketleri barada özboluşly maglumatlary almaga, Gün alawlarynyň we Günüň beýleki hadysalarynyň sebäplerini öwrenmäge mümkinçilik berýän çylşyrymly abzallar toplumydyr. Bu abzallaryň kömegi bilen düýpli we amaly ylmy meseleleri çözmek mümkin bolar.
Teleskopyň optiki shemasy 13 aýnany öz içine alýar, diametri 3 metr bolan esasy aýna astrositaldan ýasalandyr. Aýna-keramiki materialyň galyňlygy 120 millimetr bolup, agramy 2120 kilograma deňdir. Taslama teleskop diňini tehnologik enjamlary, barlaghana we dolandyryş binalaryny öz içine alýar. Bütin gurluşyň beýikligi 42 metr, teleskopyň umumy agramy 120 tonna deň bolar.