Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda eziz Watanymyzyň yzygiderli durmuşa geçirýän döredijilikli daşary syýasy strategiýasynda halkara hyzmatdaşlygyň möhüm şerti hökmünde medeni diplomatiýany ýaýbaňlandyrmaga uly üns berilýär. Bu ugurda BMG-niň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça ýöriteleşdirilen edarasy bolan ÝUNESKO bilen hyzmatdaşlygyň netijeleri her birimizi guwandyrýar.
Türkmenistan ÝUNESKO-nyň doly hukukly agzasy bolan pursadyndan bäri geçen 30 ýylyň dowamynda BMG-niň ýöriteleşdirilen bu düzüminiň halkara medeni hyzmatdaşlygy we gatnaşyklary ösdürmäge gönükdirilen birnäçe taslamalaryna hem-de maksatnamalaryna gatnaşyp, özüni işjeň hyzmatdaş hökmünde görkezdi. 1995-nji ýylda Pariž şäherinde Türkmenistanyň ÝUNESKO-nyň ýanyndaky wekilhanasy açyldy. Ýurdumyzda ÝUNESKO-nyň işleri boýunça Türkmenistanyň Milli topary hereket edýär.
Özara hyzmatdaşlygy ösdürmek we bu toparyň işini kämilleşdirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidentiniň 2020-nji ýylyň 23-nji oktýabryndaky Kararyna laýyklykda, ÝUNESKO-nyň işleri boýunça Türkmenistanyň Milli toparynyň düzümi we onuň Düzgünnamasy tassyklanyldy.
ÝUNESKO bilen köpýyllyk hyzmatdaşlygyň dowamynda halkymyzyň baý medeniýetini öwrenmek boýunça giň gerimli, toplumlaýyn işler alnyp barylýar, ylym-bilim we beýleki ulgamlarda netijeli hyzmatdaşlyk edilýär. Ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde ÝUNESKO kafedralaryny döretmek hem-de umumybilim berýän orta mekdepleri ÝUNESKO-nyň assosirlenen mekdepleriniň halkara toruna goşmak boýunça uly işler ýerine ýetirildi.
Häzirki wagtda bolsa, Arkadag şäherinde ýerleşýän Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynda «Ahalteke atlary – parahatçylygyň ilçileri» atly ÝUNESKO klubuny döretmek boýunça degişli işler alnyp barylýar. Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynda «Ahalteke atlary – parahatçylygyň ilçileri» atly ÝUNESKO klubuny döretmek biziň ýurdumyzyň «Ahalteke atçylyk sungaty we atlary bezemek däpleri» atly milli hödürnamamyzyň biziň ýurdumyzyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegi ugrunda amala aşyrýan işleriniň logiki dowamy bolar.
Ahalteke atlarynyň şöhratyny gorap saklamak we artdyrmak işinde bahasyna ýetip bolmajak hyzmat türkmen halkynyň Milli Liderine degişlidir. Milli Liderimiziň taýsyz tagallalary netijesinde, Türkmenistan atşynaslygyň halkara merkezine öwrüldi, behişdi bedewlerimiz we ussat çapyksuwarlarymyz bolsa, daşary ýurtlarda geçirilýän iri bäsleşikleriň, abraýly atçylyk sport ýaryşlarynyň hem-de at çapyşyklarynyň ýeňijileri bolýarlar.
Ahalteke bedewleri ähli döwürlerde hem türkmen halkynyň durmuşynyň aýrylmaz bölegi hem-de wepaly hemralary, şöhratly taryhymyzyň bezegi boldular. Ýurdumyzda atçylyk pudagynyň düzümini ösdürmek, sportuň atly görnüşlerini hem-de at münmegiň milli däplerini ýaýmak boýunça deňi-taýy bolmadyk çäreler durmuşa geçirilýär. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda halkara ölçeglerine kybap gelýän aýlawlar gurlup, olar at çapyşyklaryny geçirmek üçin diňe meýdan bolmak bilen çäklenmän, eýsem, sportuň milli görnüşini dünýä ýaýýan we köpçülikleýin ösdürýän merkezler hem bolup durýar.
Türkmen halkynyň milli buýsanjy bolan atlaryň tohum arassalygyny gorap saklamak we baş sanyny köpeltmek, bu ugurda ýokary derejeli hünärmenleri toplumlaýyn hem-de ylmy esasda taýýarlamak maksady bilen döredilen Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasy türkmen atçylyk pudagynyň has-da belende galmagyna mynasyp goşant goşar.
Döwran ANNANEPESOW,
Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň iňlis dili we edebiýaty fakultetiniň mugallymy.