Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti Buý­ru­ga gol çek­di. Res­mi­na­ma la­ýyk­lyk­da, Mer­ke­zi Azi­ýa ýurt­la­ry­nyň we Ko­re­ýa Res­pub­li­ka­sy­nyň par­la­men­ta­ra fo­ru­my­na gat­naş­mak üçin Türk­me­nis­ta­nyň Mej­li­si­niň Baş­ly­gy D.Gul­ma­no­wa­nyň ýol­baş­çy­ly­gyn­da­ky ýur­du­my­zyň Mej­li­si­niň we­ki­li­ýe­ti­ne 2023-nji ýy­lyň 17—20-nji sent­ýab­ry ara­ly­gyn­da Ko­re­ýa Res­pub­li­ka­sy­nyň Se­ul şä­he­ri­ne gul­luk iş sa­pa­ry­na git­mä­ge rug­sat be­ril­di.
Mä­lim bol­şy ýa­ly, türk­men hal­ky­nyň Mil­li Li­de­ri, Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty­nyň Baş­ly­gy Gurbanguly Berdimuhamedowyň pa­ra­sat­ly­lyk bi­len öňe sür­ýän ta­ry­hy baş­lan­gyç­la­ry, ýur­du­my­zyň he­mi­şe­lik Bi­ta­rap­lyk hu­kuk ýag­da­ýy­na da­ýa­nyp alyp bar­ýan il-ýurt bäh­bit­li, umu­ma­dam­zat äh­mi­ýet­li iş­le­ri hal­ka­ra jem­gy­ýet­çi­li­giň giň gol­da­wy­na eýe bol­ýar.
«Mer­ke­zi Azi­ýa — Ko­re­ýa» gör­nü­şin­dä­ki, şeý­le hem türk­men-ko­reý par­la­men­ta­ra gat­na­şyk­la­ry­ny ös­dür­mek, bu ugur­da hal­ka­ra fo­rum­la­ry ge­çir­mek ba­ra­da­ky baş­lan­gyç­lar hem, il­kin­ji no­bat­da, türk­men hal­ky­nyň Mil­li Li­de­ri, Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty­nyň Baş­ly­gy Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­za de­giş­li­dir.