Şwesiýada bir obanyň aşagynda seýrek elementiň uly mukdary tapyldy. Senagat üçin ähmiýetli bolan bu elementleri çykarmak üçin şäher üç kilometr uzaga göçüriler we onuň ýerinden şahta açylar. Ýeriň astyndan çykaryljak elementiň el telefonlary, elektroulag batareýalary we kosmos senagaty ýaly birnäçe ugurda ulanylýandygy bellenildi. Häzirki wagta Ýewropa ýurtlaryna bu elementiň tas ählisiniň diýen ýaly Hytaýdan import edilýändigi bellenildi. Kiruna atly bu şäheriň 17 müň töweregi ilaty bar. Bu ilatly ýer 100 ýyl çemesi wagt ozal bu ýerde ýerasty demir gorunyň tapylmagy bilen döräpdir. Ilkibaşda işçileriň ýaşamagy üçin ýaşaýyş jaýlary gurlupdyr. Wagtyň geçmegi bilen bu kiçi oba ulalyp, has uly ilatly ýer emele gelipdir. Geçirilen barlaglaryň netijesinde bu ýerde azyndan bir million tonna prazeodimiň ýa-da neodim oksidiň bardygy çaklanylýar.
Ýurduň Energiýa, söwda we senagat ministri Ebba Buş bu ýerden çykarylan magdanyň 10-15 ýyldan gaýtadan işlenip başlanjakdygyny belledi.
Şäheriň ilatynyň ýaşamagy üçin umumy meýdany 450 müň kilometr ýerde mekdepler, ýaşaýyş jaýlary we täjirçilik binalary bolan täze şäheriň 2035-nji ýyla çenli doly taýýar ediljekdigi mälim edildi.
Şu ýylyň ýanwarynda LKAB kompaniýasy ýurduň demirgazygyndaky Laplandiýa sebitinde seýrek element gorunyň tapylandygyny mälim edipdi.
Maglumatlara görä, Ýer ýüzünde seýrek toprak elementleriniň gorunyň jemi 115,8 million tonnadygy çaklanylýar. Hytaý, Wýetnam, Braziliýa, Russiýa we Hindistan ýaly ýurtlar degişlilikde seýrek toprak elementlerine iň baý ýurtlar hasaplanýar.