Müsüriň we Fransiýanyň arheologlary tarapyndan Müsüriň Aleksandriýa şäheriniň kenarýakasyndaky suwuň düýbünde gadymy gerek hudaýy Afroditanyň ybadathanasy tapyldy.
Ybadathananyň Abu-Kir aýlagynda suwuň astyndaky gadymy Geraklion şäherinde geçirilen gazuw-agtaryş işleri wagtynda tapyldy. Ybadathana miladydan öňki V asyr bilen senelenýär diýip, Müsüriň Syýahatçylyk we gadymyýet ministrligi habar berýär. Ybadathananyň içinden Gresiýadan getirilen bürünçden we keramikadan ýasalan zatlar ýüze çykaryldy.
Geraklion şäheri miladydan öňki VIII asyrda gurlup, 331-nji ýylda Aleksandriýa gurulýança iň uly söwda merkezi we Gadymy Müsüriň porty bolup hyzmat edipdir. Şäher takmynan, 1200 ýyl ozal suwuň aşagynda galypdyr. Onuň harabalyklary 45 metre çenli dürli çuňluklarda ýerleşýär. 2000-nji ýylda arheologlar tarapyndan açylandan bäri Geraklion suwasty muzeý hasaplanýar.