Glo­bal ma­ýyl­gan­ly­gyň öňü­ni al­mak üçin, on­ýyl­ly­gyň ahy­ry­na çen­li ga­zy­lyp alyn­ýan ýan­gyç­la­ra bo­lan is­le­gi 25% azalt­ma­ly di­ýip, Hal­ka­ra ener­ge­ti­ka agent­li­gi­niň ha­sa­ba­tyn­da aý­dyl­ýar.
2030-njy ýy­la çen­li köm­re bo­lan is­leg 2022-nji ýyl­da 5,8 mil­liard­dan bo­lan­ly­gyn­dan 3,25 mil­liard ton­na çen­li, ne­bi­te is­le­gi – gün­de 100 mil­lion bar­rel bo­lan­ly­gyn­dan 77 mil­lion bar­re­le çen­li, te­bi­gy ga­za bo­lan is­le­gi bol­sa ýyl­da 4,15 tril­lion kub metr bo­lan­ly­gyn­dan 3,4 tril­lio­na çen­li azalt­ma­ly.
2050-nji ýyl­da ga­zy­lyp alyn­ýan ener­gi­ýa çeş­me­le­ri­ne bo­lan is­le­giň je­mi azal­dy­ly­şy eý­ýäm 80% bol­ma­ly.
2030-njy ýy­la çen­li aras­sa ener­gi­ýa ma­ýa go­ýum­la­ry 2,5 es­se – şu ýyl 1,8 tril­lion dol­lar bo­lan­ly­gyn­dan 4,5 tril­lion dol­la­ra çen­li ýo­kar­lan­dy­ryl­ma­ly.
HEA de­giş­li gör­ke­zi­ji­le­re ýet­mek üçin berk we tä­sir­li sy­ýa­sat ge­rek bo­lar di­ýip ha­sap­la­ýar. Ýog­sam, glo­bal ma­ýyl­gan­lyk se­na­gat­dan öň­ki de­re­je­le­re gö­rä 1,5 de­re­je­de çäk­len­di­rip bol­maz.
Şeý­le sy­ýa­sa­tyň dur­mu­şa ge­çi­ril­me­gi gi­jik­di­ri­len ýag­da­ýyn­da 2050-nji ýyl­dan soň ho­wa­dan kö­mür­tur­şy ga­zy­ny çy­kar­mak üçin ep-es­li çyk­da­jy – ýyl­da 1,3 tril­lion dol­lar tö­we­re­gi çy­kar­ma­ly bo­lar di­ýip, gu­ra­ma­nyň ha­sa­ba­tyn­da bel­le­nil­ýär.
Ýurt­la­ryň hö­kü­met­le­ri­ni zy­ňyn­dy­la­ry azalt­mak ba­bat­da gys­sag­ly çä­re­le­ri gör­mä­ge ça­gyr­mak bi­len bir­lik­de, HEA ener­gi­ýa ýet­mez­çi­li­gi­niň we ba­ha­la­ryň ýo­kar­lan­ma­gy­nyň öňü­ni al­mak mak­sa­dy bi­len şol bir wagt­da aras­sa ener­gi­ýa üp­jün­çi­li­gi­ni art­dyr­ma­gyň ze­rur­dy­gy­ny nyg­ta­dy.