Norwegiýanyň hökümeti, magneziý, kobalt, mis we nikel ýaly elementlere baý bolan Norwegiýanyň kontinental deňiz kenarlarynyň düýbünden peýdaly magdanlary gazyp almak kararyna geldi. Bu elementler batareýalarda, telefonlarda, elektroulaglarda we ýel turbinalarynda giňden ulanylyp, “ýaşyl” ykdysadyýete geçmekde aýratyn ähmiýete eýedir.
Norwegiýa “täze deňiz senagatynyň düýbüni tutup, deňziň düýbünden peýdaly magdanlary çykarmagy maksat edinýär. Meýilnama laýyklykda, Norwegiýanyň çäkleriniň dörtden üç bölegine deň bolan Barens we Grenlandiýa deňizlerinde täze ýataklary özleşdirmek göz öňünde tutulýar.
Magdan gazyp almak işleri boýunça resmi kararyň geljek ýylyň başynda kabul edilmegine garaşylýar, emma Norwegiýanyň häzirki meýilnamalary Ýewropa Bilelşiginde garşylyk döretdi. Ýewropanyň dürli künjeginden 119 parlament agzasy Stortinge (Norwegiýanyň parlamenti) hat ýazyp, syýasatçylary deňziň düýbünden magdan gazyp almakdan ýüz öwürmäge çagyryş etdi.
Bu hatda alymlaryň, daşky gurşaw guramalarynyň we syýasatçylaryň biodürlüligiň ýitmegi we deňziň düýbünden magdan gazylyp alynmagy bilen baglanyşykly howanyň üýtgemeginiň töwekgelçiligi barada duýduryş berilýändigi aýdylýar. Ýewropaly parlamentariler Norwegiýanyň tassyklajak magdan gazyp almak baradaky maksatlary sebitdäki balykçylyga we deňiz ekoulgamlaryna nähili täsir etjekdigi barada alada bildirýärler.