Beýnimizde 100 milliard töweregi neýron (nerw öýjükleri) bar. «Neýron tokaýlygy» diýlip atlandyrylýan bu öýjükler beýniniň bary-ýogy 10 göterimini düzýär.
Beýniniň ölçegi möhüm däl. Sebäbi uly beýniniň kiçi beýniden has akyllydygy barada subutnama ýok.
Ýadyňa düşürmek, täze zatlary pikirlenmek – bu beýnidäki maglumatlar esasynda döreýär.
Beýnidäki gan damarlarynyň uzynlygy 6 müň kilometr.
Düýş görmek beýniniň dynç alyş wagtynda (ukuda) bolup geçýän kiçijik hadysadyr. Bu hadysanyň dowamlylygy bary-ýogy 3 sekunt.
Näçe çuň pikirlenilse, beýni hem şonça kislorod we «ýangyç» sarp edýär.
Beýniniň takmynan, 75 göterimi suwdan durýar. Şol sebäpli suwsuzlyk, natriý hem-de elektrolitleriň ýitmegi ýadyň we ünsüň peselmegine sebäp bolýar.
Adam beýnisi daş ýaly berk bolup, bedeniň agramynyň 2 göterimini emele getirýär. Beýniniň agramy ortaça 1,3 – 1,4 kilogram töweregi bolýar.
Oňurgaly janly-jandarlaryň arasynda adam beýnisi iň ulusy hasaplanýar. 18 ýaşa çenli beýni ösmegini dowam etdirýär. 25 ýaşa çenli kämilleşýär. 40 ýaşa ýetende ösemegini bes edýär. Adam ulaldygyça beýnisi kiçelýär.
Kellagyry beýnidäki nerw öýjüklerinde bolup geçýän himiki täsirleşme netijesinde ýüze çykýar.
Beýniniň hasaba alýan gysga möhletli ýady 20-30 sekunt töweregi ýatda saklanýar. Beýni sanly belgini 7 sekuntda, harply belgini 9 sekuntda ýat tutup bilýär. Beýniniň işjeň ýady 7 belgili sanlary çaltlyk bilen özüne geçirip bilýär. Şol sebäpli dünýäniň köp ýurdunda awtoulag belgileri, telefon nomerler 7 belgili sandan geçmeýär.
Beýni agyry duýmaýar. Beýnide her gün 12 – 60 müň töweregi pikir döreýär. Şolaryň 95 göterimi gaýtalanýan pikirler bolup, 80 göterimi bolup bilmejek zatlardyr.
Maşk bedenimiz üçin zerur bolşy ýaly, beýnimiz üçin hem zerurdyr. Küşt, şaşka, krossword ýaly pikirlendirýän, iki suratyň arasyndaky tapawudy tapmak ýaly beýnini işjeňleşdirýän maşklary ýerine ýetirmeli.