Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan hemişelik Bitarap diýlip ykrar edilen ýeke-täk döwletdir. Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy özboluşly nusgawy häsiýete eýedir. Häzirki zaman halkara gatnaşyklarynda bitaraplygyň dürli görnüşleri bolup, olar hemişelik, pozitiw, adaty we şertnamalaýyn mazmunlydyr. Bitaraplyk syýasaty degişli sebitlerde we dünýä derejesinde parahatçylygyň we howpsuzlygyň pugtalandyrylmagyna itergi berýär. Dünýä ýurtlarynyň arasynda parahatçylykly, dostlukly we özara bähbitli gatnaşyklaryň ösmeginde möhüm orun eýeleýär.
Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy halkara derejesinde iki gezek ykrar edildi. 1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 50-nji mejlisinde «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» atly Kararnama dünýä döwletleriniň 185-siniň biragyzdan goldamagy bilen kabul edildi. Bu Kararnamanyň 2015-nji ýylyň 3-nji iýunynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 69-njy mejlisinde 193 döwletiň biragyzdan goldamagy bilen gaýtadan kabul edilmegi Türkmenistanyň dünýä ýüzündäki belent abraýyny tassyklady. Türkmenistanyň başlangyjy bilen 2017-nji ýylyň 2-nji fewralynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 71-nji mejlisinde 12-nji dekabry «Halkara Bitaraplyk güni» diýip resmi taýdan yglan edýän Kararnamanyň kabul edilmegi dünýä taryhynda örän ähmiýetli wakadyr. Türkmen halky Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna eýe bolmagynyň 28 ýyllyk toýuny uludan toýlaýar. Bitaraplyk türkmen halky üçin buýsanç bulagynyň gözbaşy hasaplanýar. Garaşsyzlyk we Bitaraplyk türkmen halkynyň goşa ganatydyr. Şol goşa ganaty birleşdirip, halkymyzy bagtyýar durmuşda ýaşadýan
Arkadagly Serdarymyzyň tagallalary netijesinde ýurdumyz hemişelik Bitaraplyk, parahatçylyk, howpsuzlyk, dostluk, hoşniýetli gatnaşyk, ynsanperwerlik ýörelgelerine eýerip, halkara derejesinde uly abraýdan peýdalanýar. Ynsanperwerlik ýörelgelerine esaslanýan Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyz jemgyýetçilik durmuşynyň ähli ugurlarynda ýokary depginler bilen ösýän döwletleriň hataryna goşuldy.
Halkara we sebit guramalarynyň ýolbaşçylarydyr wekilleri Türkmenistanyň sebitde, hususan-da, Owganystanda parahatçylygyň we durnuklylygyň üpjün edilmegine uly goşant goşýandygyny, Aşgabatda BMG-niň Merkezi Aziýada öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň açylmagy bilen, Türkmenistanyň ählumumy howpsuzlygy hem-de yzygiderli ösüşi üpjün etmekde möhüm orny eýeleýän, parahatçylygy dörediji uly merkeze öwrülendigini belleýärler.
1-nji dekabrda hormatly Prezidentimiz BMG-niň Howanyň üýtgemegi boýunça Çarçuwaly Konwensiýasynyň taraplarynyň 28-nji mejlisindäki çykyşynda, Türkmenistanda BMG-niň howanyň üýtgemegi bilen bagly tehnologiýalar boýunça Sebit merkezini açmak barada başlangyjy tassyklady.
Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, şu ýylyň 13-nji noýabrynda sebit maksatnamalaryny işläp taýýarlamak üçin Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrligi bilen BMG-niň Daşky gurşaw boýunça maksatnamasynyň (UNEP) arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekilendigini bellemek möhümdir we şol sebit maksatnamalary bolsa howa tehnologiýalaryny Türkmenistana we Merkezi Aziýanyň döwletlerine geçirmäge gönükdirilendir.
Arkadagly Serdarymyz 80 milliona golaý ilatly, täsin tebigy serişdelere we biodürlülige eýe bolan we şol bir wagtyň özünde düýpli ekologik wehimleriň zolagynda ýerleşýän sebit üçin BMG-niň ýöriteleşdirilen merkezini döretmek baradaky Türkmenistanyň başlangyjynyň bu gün aýdyň mümkinçiliklere eýe bolýandygyny nygtady.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe dünýäniň ähli döwletleri we abraýly halkara guramalary hemişelik Bitarap Türkmenistanyň alyp barýan daşary syýasatyny ykrar edýär diýip buýsanç bilen aýdyp bileris.
Türkmenistan häzirki wagta çenli dünýäniň 151 döwleti bilen diplomatik gatnaşyklary saklap, halkara guramalaryň 50-ä golaýynyň agzasydyr, şeýle-de halkara konwensiýalardyr ylalaşyklaryň 170-e golaýyna gatnaşýar. Türkmenistanyň daşary ýurtlarda hereket edýän diplomatik wekilhanalarynyň we konsullyklarynyň 40-sy, şonuň ýaly-da, ýurtda akkreditirlenen diplomatik wekilhanalardyr konsullyklaryň we halkara guramalaryň wekilhanalarynyň 48-si ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň binýadyny pugtalandyrmak boýunça maksada gönükdirilen işleri alyp barýar.
Şeýlelikde, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy döwletleriň we halklaryň arasyndaky hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny pugtalandyryp, hakyky dostluk ýollarynyň uzamagyna möhüm goşant goşýar.
Gözel UZBEKOWA,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň uly mugallymy.