Is­len­dik döw­le­tiň ösü­şi we kuw­wa­ty onuň me­de­ni-yk­dy­sa­dy ösü­şi, oý­lap ta­py­jy­ly­gyň, yl­myň ös­me­gi bi­len kes­git­len­ýär. Ki­tap­ha­na­lar me­de­ni­ýet oja­gy bol­mak bi­len çäk­len­män, olar yl­my-ha­bar be­riş mer­kez­idir, ýag­ny hal­kyň di­ňe bir ru­hy, me­de­ni we ta­ry­hy mi­ra­sy­ny däl, eý­sem, bü­tin­dün­ýä yl­my­na de­giş­li ede­bi­ýat­la­ry top­la­mak­da, sak­la­mak­da we ola­ry oky­jy­la­ra ýe­tir­mek­de uly iş­ler alyp bar­ýar­lar.
Şeý­le ki­tap­ha­na­la­ryň bi­ri hem Türk­me­nis­ta­nyň Ylym­lar aka­de­mi­ýa­sy­nyň Mer­ke­zi yl­my ki­tap­ha­na­sy­dyr. Ol 1941-nji ýyl­dan bä­ri he­re­ket edip gel­ýär. Ki­tap­ha­na­da ýü­ze çy­kan ha­dy­sa­lar se­bäp­li ki­tap ha­zy­na­sy­na bir­nä­çe ge­zek ze­per ýet­ýär. 1948-nji ýyl­da bo­lup ge­çen ýer tit­re­me­de ki­tap­ha­na­nyň ja­ýy ýy­ky­lyp, ki­tap­lar ha­zy­na­sy ýe­riň aşa­gyn­da gal­ýar. Em­ma ýüz müň nus­ga­ly ha­zy­na ýu­waş-ýu­waş­dan ýe­riň ýü­zü­ne çy­ka­ryl­ýar. 1951-nji ýyl­da Türk­me­nis­tan SSR-niň Ylym­lar aka­de­mi­ýa­sy­nyň dö­re­dil­me­gi bi­len ki­tap­ha­na­ has baý­laş­dy­ry­l­ýar we 1957-nji ýy­la çen­li onuň ki­tap ha­zy­na­sy 200 müň nus­ga ýe­ti­ril­ýär. 1958-nji ýyl­da ýü­ze çy­kan ýan­gyn se­bäp­li ki­tap ha­zy­na­sy­na düýp­li ze­per ýet­ýär. Em­ma gys­ga wagt­dan iri ki­tap­ha­na­lar­dan 300 mü­ňe go­laý nus­ga­da ki­tap­lar we dö­wür­le­ýin ne­şir­ler ge­lip go­wuş­ýar. 1963-nji ýy­lyň maý aýyn­da ki­tap­ha­na özü­niň 1,5 mil­li­on bir­lik nus­ga ni­ýet­le­nen ýö­ri­te gur­lan ki­tap­ha­na­sy­na gö­çü­ril­ýär we hä­zir­ki gü­ne çen­li şol bi­na­da ýer­leş­ýär. 1960-njy ýyl­la­ryň or­ta­la­ryn­da ki­tap­ha­na­da top­la­ma, ede­bi­ýat­la­ry iş­le­mek we yl­my taý­dan pu­dak­laş­dyr­ma, hyz­mat ediş we ki­tap ha­zy­na­sy, da­şa­ry ýurt ede­bi­ýat­la­ry, hal­ka­ra alyş-ça­lyş, yl­my bib­li­og­ra­fi­ýa bö­lüm­le­ri iş­le­ýär­di. Hä­zir ki­tap­ha­na­myz­da ki­tap­ha­na işi­ni ýe­ri­ne ýe­tir­ýän 11 sa­ny bö­lüm – Ki­tap­ha­na­nyň met­bu­gat eser­le­ri­ni komp­lekt­leý­ji; Ede­bi­ýat­la­ry yl­my taý­dan pu­dak­laş­dyr­ma we ka­ta­log­lar; Hyz­mat edi­ji; Ki­tap ha­zy­na­ha­na; Da­şa­ry ýurt ede­bi­ýa­ty we hal­ka­ra ki­tap alyş-ça­lyş; Türk­men ede­bi­ýa­ty we seý­rek ne­şir­ler; Bib­li­og­ra­fi­ýa, ki­tap­ha­na­şy­nas­lyk we ki­tap­şy­nas­lyk; So­rag-jo­gap we ki­tap­ha­na-bib­li­og­ra­fik iş­le­ri; Met­bu­gat eser­le­ri­ni ska­nir­le­mek; Ki­tap­ha­na işi­ni komp­ýu­ter­leş­dir­mek we me­ha­nizm­leş­dir­mek; Sa­hap­la­ýyş bö­lüm­le­ri he­re­ket ed­ýär.
Bäş müň ýyl­lyk ta­ry­hy dö­wür­de türk­men akyl­dar­la­ry, alym­la­ry, şa­hyr­la­ry, döw­let iş­gär­le­ri dür­li ugur­lar­dan gym­mat­ly gol­ýaz­ma­la­ry dö­re­dip­dir­ler. XVIII asyr­da ys­lam dün­ýä­sin­de met­be­çi­li­giň peý­da bol­ma­gy bi­len türk­men şa­hyr­la­ry­nyň arap elip­bi­ýin­de köp ki­tap­la­ry çap bol­ýar. Ol ki­tap­lar, esa­san hem, Ga­zan, Sa­mar­kant, Daş­kent şä­her­le­rin­de, Hin­dis­tan­da, Eý­ran­da, Tür­ki­ýe­de çap edi­lip­dir. Bi­ziň ki­tap­ha­na­myz­da şol dö­wür­ler­de çap edi­len ki­tap­la­ryň bir­nä­çe­le­ri­niň nus­ga­la­ry sak­lan­ýar. Olar­dan Mag­tym­gu­ly­nyň, Fi­zu­ly­nyň, So­py Al­la­ýa­ryň, We­pa­ýy­nyň, Şeý­da­ýy­nyň, An­da­ly­byň, Aza­dy­nyň we beý­le­ki­le­riň ki­tap­la­ry­ny my­sal ge­tir­mek bo­lar.
Ki­tap­ha­na­my­zyň 2 mil­lio­na go­laý ki­tap ha­zy­na­sy bar. On­da gol­ýaz­ma­lar, ga­dy­my seý­rek ne­şir­ler, dür­li ugur­la­ra de­giş­li yl­my ki­tap­lar, çe­per ede­bi­ýat­lar, okuw ki­tap­la­ry bar. Ki­tap ha­zy­na­synyň ep-es­li bö­le­gi­ni bel­li alym­la­ry­my­zyň, ýa­zy­jy­la­ry­my­zyň sow­gat be­ren ki­tap­la­ry tut­ýar.
Ki­tap­ha­na­myz ki­tap ha­zy­na­ny aýaw­ly sak­la­mak­da, oky­jy­la­ra göw­ne­jaý hyz­mat et­mek­de, wa­gyz iş­le­ri­ni alyp bar­mak­da uly iş­ler alyp bar­ýar. Her aý­da tä­ze ge­len ede­bi­ýat­lar ba­ra­da ha­bar ber­ýän býul­le­ten dü­zül­ýär, ýur­du­myz­da bo­lup geç­ýän dür­li çä­re­ler bi­len bag­ly ki­tap ser­gi­le­ri gural­ýar, dür­li mow­zuk­lar­da yl­my-kö­mek­çi bib­li­og­ra­fik gör­ke­zi­ji­ler taý­ýar­la­nyl­ýar.
Ki­tap­ha­na­my­zyň esa­sy oky­jy­lar to­pa­ry alym­lar­dan, as­pi­rant­lar­dan, yl­my iş­gär­ler­den, mu­gal­lym­lar­dan, ta­lyp­lar­dan we beý­le­ki oky­jy­lar­dan yba­rat. Oky­jy­la­ryň ta­lap­la­ry­ny tiz we göw­ne­jaý ýe­ri­ne ýe­tir­mek üçin ki­tap­ha­na­da ka­ta­log­lar we kar­to­te­ka­lar ul­ga­my he­re­ket ed­ýär, hyz­mat ediş bö­lü­mi­niň go­las­ty ha­zy­na­syn­da­ky so­rag-jo­gap ne­şir­ler tek­je­ler­de el­ýe­ter­li edi­lip goý­lan. Oky­jy­la­ra gün­de­lik çyk­ýan dö­wür­le­ýin ne­şir­ler bi­len ta­nyş­ma­ga müm­kin­çi­lik bar. Ki­tap­ha­na­da ýur­du­myz­da bo­lup geç­ýän çä­re­ler bi­len bag­ly gu­ral­ýan ser­gi­le­ri­miz, şeý­le hem te­ma­ti­ki ki­tap ser­gi­le­ri­miz oky­jy­la­ry tä­ze ede­bi­ýat­lar bi­len ta­nyş­dyr­ma­ga, ola­ryň mag­lu­ma­ta bo­lan is­leg­le­ri­ni ka­na­gat­lan­dyr­ma­ga giň müm­kin­çi­lik ber­ýär.
Ki­tap­ha­na işi­niň döw­re­bap ös­me­gi­ne uly üns ber­ýän Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­za, Ar­ka­dag­ly Gah­ry­man Ser­da­ry­my­za biz ki­tap­ha­na­çy­lar uly min­net­dar­ly­gy­my­zy bil­dir­ýä­ris. Si­ziň ja­ny­ňyz sag, tut­ýan tu­tum­ly iş­le­ri­ňiz ro­waç bol­sun!

Aý­je­mal GAR­LY­ÝE­WA,
Türk­me­nis­ta­nyň Ylym­lar aka­de­mi­ýa­sy­nyň Mer­ke­zi yl­my ki­tap­ha­na­sy­nyň baş ki­tap­ha­na­çy­sy.