Te­bigat­da duş gel­ýän tä­sin ha­dy­sa­la­ryň bi­ri hem ýa­pon maý­myn­la­ry­nyň gyş­ky dynç al­şy­dyr. Ýer ýü­zün­de maý­myn­la­ryň 170 tö­we­re­gi gör­nü­şi duş ge­lip, ola­ryň ara­syn­da ýa­pon ma­kak­la­ry her ýyl gyş pas­lyn­da Ji­go­ku­da­ni jül­ge­si­ndä­ki te­bi­gy ham­ma­ma bar­ýan­dy­gy bi­len ta­pa­wut­lan­ýar. «Gar maý­my­ny» hem di­ýil­ýän bu jan­dar­lar gyş aý­la­ryn­da Ýa­po­ni­ýa­nyň Na­ga­no şä­he­ri­niň de­mir­ga­zy­gyn­da­ky Ji­go­ku­da­ni jül­ge­sin­de ýyg­nan­ýar­lar. Dik ga­ýa­lar bi­len gur­şa­lan, bugaryp duran çeş­me­li «açyk ham­ma­my» eme­le ge­tir­ýän Ji­go­ku­da­ni ýa­pon­ça­da «dow­zah jül­ge­si» diý­me­gi aň­lad­ýar.
Se­ýil­gä­hiň tut­ýan meý­da­ny o di­ýen uly bol­man, daş-tö­we­re­gi­ni to­kaý­lar eme­le ge­tir­ýär. Gyş pas­lyn­da agyr gar bi­len ör­tül­ýän se­ýil­gä­hiň ýy­ly suw­ly bol­ma­gy­nyň se­bä­bi çeş­me­den ço­gup çyk­ýan gyz­gyn lä­bik bi­len dü­şün­di­ril­ýär. Se­ýil­gä­he 1 sa­ga­dyň do­wa­myn­da aý­la­nyp bol­ýar. Bu ýer­de köp­le­riň ün­sü­ni özü­ne çek­ýän esa­sy wa­ka ma­kak­la­ryň su­wuň için­de otur­ma­gy­dyr. Ham­ma­ma her ýyl 160-dan gow­rak maý­myn gel­ýär. Bu ýer­de ýa­pon di­lin­de se­ýil­gäh bilen ta­nyş­dyrýan ki­çi­räk mag­lu­mat mer­ke­zi bar. Sy­ýa­hat­çy­lar su­wa düş­ýän maý­myn­la­ry tä­sir­li to­ma­şa et­mek bi­len geň-taň wa­ka­la­ryň şa­ýa­dy bol­ýar­lar. Maý­myn­la­ryň özü­ni alyp bar­şy, ham­mam­da ber­jaý ed­ýän düz­gün­le­ri gö­ren­le­ri haý­ran gal­dyr­ýar. Hat­da ki­çi­jik ma­kak­la­ryň hem ham­ma­ma gir­me­gi üçin ber­jaý et­me­li düz­gün­le­ri bar. Gül­gü­ne ýüz­li maý­myn­lar ça­ga­la­ry­nyň gark bol­maz­ly­gy üçin ola­ry gö­zeg­çi­lik­de sak­la­ýar­lar.
Se­ýil­gä­hiň umumy düz­gün­le­ri­ne gö­rä, bu ýe­re ge­ze­len­je gel­ýän­ler maý­myn­la­ry ýa­kyn­dan syn­lap bi­ler­ler. Su­ra­ta hem dü­şüp bi­ler­ler, em­ma maý­myn­la­ry iý­mit­len­dir­mek ga­da­gan edil­ýär. How­zuň ba­şyn­da on­laýn gör­nüş­de gö­ni ka­me­ra otur­dy­lyp­dyr. Se­ýil­gä­hiň gi­rel­ge­sin­dä­ki de­pe­de Omo­da­ka myh­man­ha­na­sy bar. Myh­man­ha­na­da bir­nä­çe gün ga­lyp, se­ýil­gäh bi­len has ýa­kyn­dan tan­şyp bol­ýar.
Se­ýil­gä­he bar­ýan myh­man­lar gyş pas­lyn­da gy­zyl ýüz­li maý­myn­la­ryň nä­me üçin gyz­gyn su­wa ýu­wunýan­dyk­la­ry bi­len gy­zyk­lan­ýar­lar. Mu­nuň se­bä­bi­ni ýer­li te­bi­ga­ty öw­re­ni­ji hü­när­men­ler «Ýa­pon ma­kak­la­ry so­wuk­da ýy­lan­mak hem-de özü­ni ra­hat­la­mak üçin to­kaý­dan aşak inip, Ji­go­ku­da­ni se­ýil­gä­hin­dä­ki açyk ham­ma­ma gel­ýär­ler. Bu ýag­daý gar maý­myn­la­ry­nyň te­bi­gy hä­si­ýe­ti­dir» di­ýip dü­şün­dir­ýär­ler.
Se­ýil­gäh­de bu maý­myn­la­ra ýy­lyň äh­li möw­sü­min­de duş ge­lin­se-de, gar ýa­gyp du­ran pur­sa­dy makakla­ryň ham­ma­ma gir­me­gi geň gal­dy­ry­jy wa­ka ha­sap­lan­ýar. Bu ýer­de adat­ça de­kabr aýyn­dan mart aýy­na çen­li gar bol­ýar. Se­ýil­gä­hi aý­lan­mak üçin iň amat­ly wagt ýan­war-few­ral aý­la­ry­dyr. Ji­go­ku­da­ni maý­myn se­ýil­gä­hi «Ba­ra­ka» do­ku­men­tal fil­min­de su­ra­ta dü­şü­ri­len­den soň meş­hur ýer­le­riň bi­ri hök­mün­de ta­nal­dy.