Ýewropa Bileleşiginiň agzalary Bolgariýa bilen Rumyniýanyň Şengen zolagyna tapgyrlaýyn birleşmegini makulladylar. Ýewropa Bileleşiginiň ýurtlary 2024-nji ýylyň mart aýyndan başlap iki ýurduň deňiz we howa serhetlerindäki serhet gözegçiligini ýatyrar. Gözegçilik diňe gury ýer serhetlerinde galar. Bu barada Ýewropa Komissiýasynyň metbugat gullugy habar berdi.
Bu gün Bolgariýa we Rumyniýa üçin taryhy pursat bolup, bu ýurtlaryň raýatlary üçin buýsançly gündür. Olar mart aýyndan başlap serhet gözegçiligi bolmazdan, içerki deňiz we howa serhetlerinden erkin geçip bilerler. Bu indiden beýläk iki ýurt üçin, şeýle-de Şengen zolagy üçin möhüm ädimdir – diýip, Ýewropa Komissiýasynyň başlygy Ursula fon der Lýaýen belledi.
Gury ýer serhetlerindäki adamlary barlamagyň ýatyrylmagynyň mümkin bolan senesi baradaky gepleşikleriň 2024-nji ýylda dowam etdiriljekdigi we Ýewropa Bileleşiginiň bu mesele boýunça kararynyň “göwnejaý möhletde” kabul edilmegine garaşylýandygy bellenilýär.
Bolgariýa we Rumyniýa 2007-nji ýyldan bäri Şengen zolagynyň bir bölegi bolmak üçin tagalla edýärler. Ýewropa Komissiýasy iki ýurduň bu ädimi ätmäge taýýardygy barada 2011-nji ýylda mälim etdi, ýöne bu proses Ýewropa Bileleşiginiň dürli ýurtlary tarapyndan goýbolsun edildi. Ýewropa Bileleşiginiň Geňeşi 2022-nji ýylyň dekabrynda çözgüt barada ylalaşsa-da, Awstriýa ony bikanun migrasiýa garşy göreşde “gowşak tagallalary” görkezýänligi sebäpli iň soňunda ýatyrdy.
Şengen jemgyýeti 1985-nji ýylda Fransiýa, Germaniýa, Belgiýa, Niderlandlar we Lýuksemburg tarapyndan esaslandyryldy. Şengen zolagynyň serhetleri Ýewropa Bileleşiginiň serhetlerine laýyk gelmese-de, şu wagta çenli her iki gurluşda 27 döwlet bar. Ýewropa Bileleşigine girmeýän Şweýsariýa, Islandiýa, Norwegiýa we Lihtenşteýn Şengeniň agzalarydyr. Emma Ýewropa Bileleşiginiň agzalary bolan Irlandiýa we Kipr Respublikasy Şengene gatnaşmaýarlar, Rumyniýa we Bolgariýa bolsa, diňe häzirki wagtda bölekleýin çakylyk aldy.