Geçen ýylyň “El Nino” ýyly howa akymynyň hem täsiri bilen hasaba alnan iň yssy ýyl bolandygy mälim edildi. 2023-nji ýyldaky ortaça temperatura gazylyp alynýan ýangyçlaryň ulanylyp başlanmazyndan ozalky ýyllardan ortaça 1,48 dereje yssy bolupdyr. Bu barada Ýewropa Bileleşiginiň klimata gözegçilik edýän “Copernicus” gullugy habar berdi. Ýer ýüzünde iýul aýyndan soňra yssy temperatura rekordlary yzly-yzyna hasaba alnypdyr. Deňiz suwunyň temperaturasy hem ýylapdyr. Atmosfera köp mukdarda kömürturşy gazy ýaly ýyladyşhana gazlarynyň goýberilmeginiň dowam etdirilmegi netijesinde häzirki wagtda dünýäde howanyň 100 ýyl ozalkysyndan has yssydygy köpden bäri mälimdir. Emma mundan bir ýyl ozal hiç bir ylmy gurama 2023-nji ýylda rekord derejede boljakdygyny çaklamandy. Ýylyň başynda az sanly yssy howa rekordy hasaba alnan hem bolsa, bu ýagdaý ýylyň ikinji ýarymynda barha ýygylaşdy. Ýuwaş ummanynyň gündogaryndaky has ýyly bolan suwuň atmosfera adatdakydan köp ýyly howany goýbermegi bilen bagly ýüze çykan tebigy hadysa “El Nino” howa akymy diýilýär. Bu howa akymynyň täsiri bilermenleriň çak edişinden hem çalt boldy. Howanyň yssy bolmagy klimatyň özgerýändiginiň diňe ýekeje alamaty. 2023-nji ýylda Antarktikadaky hem-de Demirgazyk polýusdaky buzuň tutýan meýdany rekord derejede azaldy, demirgazyk Amerikanyň günbataryndaky we Ýewropada Alp daglaryndaky buzluklar aşa derejede köp eräp, deňiz derejesiniň ýokary galmagyna getirdi, deňiz suwlarynyň ýüzi gyzdy.