(Erteki)
Bir bar eken, bir ýok eken. Gadym zamanlarda bir odunçy goja bar eken. Ol kiçijik pagsa (palçykdan salnan) tamynda aýaly bilen agzybir ýaşaýan eken. Günlerde bir gün goja hemişekisi ýaly, odun çapmaga gidýär. Tokaýa baryp, işe başlajak bolup durka, agaçlaryň arasyndan pyşyrdy eşidilýär. Odunçy ýaňky sesi diňläp durýar. Kimdir biri «Çapaýynmy, çapmaýynmy?!» diýip soraýan eken. Odunçy daş-töweregine garanjaklaýar, ýöne hiç kim gözüne ilmeýär. Ol:
– Bu çola tokaýda ýaňky ses gulagyma eşidilýän bolaýmasyn – diýip, güman edýär. Ýöne az salymdan ýene-de şol ses gaýtalanýar: «Çapaýynmy, çapmaýynmy?! Çapaýynmy, çapmaýynmy?! …» Ahyry odunçy goja çydap bilmän:
– Çapjak bolsaň çap, ýöne ösüp oturan agajy çapma! Guranlarynyňam hemmesini çapma! – diýip gygyrýar. Ol sözüni gutaryp-gutarmanka, öňüne agaçlaryň üstünden bir halta gaçýar. Goja haltany açyp görse, içi ýalpyldap duran altyn teňňeden doly eken.
Odunçy begenip, haltany alyp öýüne gelýär. Gojanyň öýüne haltaly girenini gören goňşusy, munuň bir syrynyň bardygyny bilip, tamyň penjiresinden jyklaýar. Goja şol wagt aýalyna altynly haltany nädip tapandygyny gürrüň berip oturan eken. Goňşusy gojany üns berip diňleýär-de, dessine paltasyny alyp, tokaýa tarap eňýär.
Ol tokaýyň içi bilen ýöräp barýarka, şol sesi eşidýär: «Çapaýynmy, çapmaýynmy?!» Gojanyň goňşusy sesi eşidip-eşitmän:
– Çap, çap! Ýaş nahal diýmän, gury töňňe diýmän, hemmesini çap! – diýip, bar sesi bilen gygyrýar. Ol sözüni gutaryp-gutarmanka ýanyndaky agaçdan bir halta ýere gaçýar. Odunçynyň goňşusy haltany alyp, öýüne tarap eňýär. Emma öýüne gelip, haltany açýar welin, içi altyn teňňeden däl-de, arça gozasyndan doly eken…
Päk ýürekli, tapanyna şükür edýän odunçynyň kanagatlylygy, halallygy üçin oňa bir halta altyn sylag berilýär. Emma goňşusynyň nebisjeňligi, açgözlügi üçin paýyna bir halta arça gozasy düşýär.
«Kanagat baý eýlär, nebis har eýlär».