Ýanwar aýynda dünýäde azyk önümleriniň bahalary 2023-nji ýylyň dekabr aýy bilen deňeşdirilende, 1% arzanlady. Bu barada FAO-nyň (BMG-nyň Azyk we oba hojalygy guramasy) aýlyk hasabatynda mälim edilýär. Däne önümleriniň bahasy dekabr aýy bilen deňeşdirilende, 2,2% arzanlady. Muňa eksport edijileriň arasyndaky bäsdeşlik, şeýle-de Günorta ýarymşardan bazara dänäniň gelip gowuşmagy sebäp boldy. Argentinada hasyly ýygnamak möwsümi başlan badyna mekgejöweniň nyrhy birden peseldi diýlip, hasabatda bellenilýär.
Etiň bahasy 1,4% arzanlady, şunda pese gaçyş eýýäm ýedi aý bäri hasaba alynýar. Guş etiniň arzanlamagy islegiň pesligi we önümiň köpdügi bilen baglydyr. Goýun eti bolsa, import islegleriniň artmagy netijesinde gymmatlady. Ösümlik ýagynyň bahasy diňe 0,1% ýokarlandy. Palma we günebakar ýagynyň bahasy ýokarlansa-da, soýa we raps ýagynyň bahasy arzanlady.
Süýt önümleriniň bahasy dekabr aýy bilen deňeşdirilende üýtgemedi. Mesgäniň we gury süýdüň bahasy aziýaly satyn alyjylar tarapyndan islegiň artmagy sebäpli gymmatlady, tersine, ýagsyz süýdüň we peýniriň nyrhlary arzanlady. Şekeriň bahasy 0,8% ýokarlandy. Bu ýagdaý Braziliýada, Tailandda we Hindistanda ýagyşyň ýeterlik däldigi we şekerçiňriginiň hasylynyň pes bolandygy bilen düşündirilýär.