Geçen ýylyň ahyrynda Norwegiýanyň parlamenti ýurduň deňiz kenarlaryndaky çuňluklardan magdan gazyp almaga girişmek barada karar kabul etdi. Batareýalarda, telefonlarda, elektroulaglarda we ýel turbinalarynda ulanylýan magniý, kobalt, mis, nikel ýaly elementler “ýaşyl” ykdysadyýete geçmek üçin möhüm minerallar hasaplanýar.
Ýöne bu karar milli we halkara derejesinde seslenme döretdi. Norwegiýaly alymlar peýdaly magdanlary çuňňur suwdan gazyp almak meselesine şübheli garap, bu işiň töwekgelçilikdigine ynanýarlar. Köp ýurtlar we kompaniýalar bolsa, deňziň düýbündäki magdanlaryň gazylyp alynmagyna garşy çykýarlar. Çünki çuňňur deňiz gurşawy barada bilimiň juda azdygyny we magdan gazyp almagyň deňiz ekoulgamyna öwezini dolup bolmajak zyýan ýetirip biljekdigini öňe sürýärler. Ýewropa Bileleşigi öz gözükdirmesinde bu taslamanyň daşky gurşawa ýetirjek täsirleri doly öwrenilýänçä şeýle taslamalary goldamak niýetiniň ýokdugyny mälim etdi.
Brýusselde geçirilen maslahatdan soň Ýewropa Parlamenti ýakyn wagtda Norwegiýanyň deňiz kenarlaryndaky magdanlary gazyp almak baradaky çözgüdine baha berýän karar kabul etmegine garaşylýar. Norwegiýanyň Premýer-ministri Ýonas Gar Stýore Ýewropa Komissiýasynyň Başlygy Ursula fon der Lýaýene hat iberip, Norwegiýanyň hökümetiniň deňziň düýbündäki minerallaryň Ýewropa üçin durnukly we ygtybarly gorlara öwrülip biljekdigine ynanýandygyny aýtdy.
Ýonas Gar Stýore, magdan gazyp alyş işlerine entek girişilmändigini we bu ýeriň haýsydyr bir rugsat berilmezden barlanylmalydygyny belleýär. – Barlaglar Norwegiýanyň öňdebaryjy gözleg institutlary tarapyndan geçirilmeli, ýöne kompaniýalar hem bu işe çekilmeli – diýip, Premýer ministr belledi.