Hytaý 6G tehnologiýasy üçin niýetlenen ilkinji emeli hemrany uçurdy. «China Mobile» tarapyndan synag maksady bilen uçurylan emeli hemra teragers spektri arkaly aragatnaşygy ýola goýmagy meýilleşdirilýär. Taslamanyň çäklerinde 300 Gigagers bilen 3 teragers ýygylyk aralygyndaky bu tehnologiýanyň aragatnaşyk üçin ulanmaga amatlydygy hem-de tehniki taýdan mümkindigi subut edilmäge çalşylýar. Emeli hemranyň Ýerden 500 kilometr töweregi uzaklykdaky orbita sazlanandygy bellenilip, uzak orbitada ýerleşýän beýleki emeli hemralara garaňda has çalt we köp maglumat geçirmäge mümkinçilik berjekdigi bellenildi.
Hytaýyň 6G tehnologiýasyny tanyşdyryş toparynyň ýolbaşçysy hem-de ýurduň Maglumat we aragatnaşyk tehnologiýalary akademiýasynyň başlygynyň orunbasary Wan Žisin 2030-njy ýyla çenli 6G tehnologiýasynyň täjirçilik maksatly ulanylyşynyň ýola goýulmagynyň maksat edinilýändigini belledi. Bu tehnologiýa üçin standartlaryň 2025-nji ýylda taýýarlanmagyna garaşylýar.
Wan Hytaýyň 6G tehnologiýasyny 2022-nji ýylda synag edip başlandygyny, geçen ýylyň dowamynda 6G ulgamynyň gurluşynyň we tehniki çözgütleriniň üstünde barlaglaryň geçirilendigini belledi.
Merýem SÄHETMÄMMEDOWA,
Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň talyby.