Ýer ýü­zü­niň dür­li kün­je­gin­de gö­ren­le­ri haý­ran gal­dyr­ýan te­bi­gy gö­zel­lik­ler sa­nar­dan köp. Owa­dan te­bi­ga­ty bi­len ta­pa­wut­lan­ýan ýer­le­riň bi­ri hem Pe­ru­nyň älem­go­şar dag­la­ry­dyr. Alym­la­ryň bel­le­me­gi­ne gö­rä, Gü­nor­ta Ame­ri­ka­nyň iň gö­zel ýer­le­ri­niň bi­ri bo­lan reňk­li ga­ýa­lar müň­ler­çe ýy­lyň do­wa­myn­da ýag­nyň we ýe­liň ne­ti­je­sin­de eme­le ge­lip­dir. 7 dür­li reňkli mi­ne­ral gat­lak­dan yba­rat älem­go­şar dag­la­ry 2015-nji ýyl­da sy­ýa­hat­çy­lyk pu­da­gyn­da hök­ma­n ba­ryp gör­me­li ýer­le­riň sa­na­wy­na gi­ri­zil­di. And dag­la­ry­nyň bir bö­le­gi bo­lan bu ýer­de bir­nä­çe te­bi­gy tä­sin­lik­le­ri syn­lap bol­ýar. «Wi­ni­kun­ka» reňk­li da­gy hem di­ýil­ýän älem­go­şar da­gy­na her gün 1 müň 500 sy­ýa­hat­çy bar­ýar. 2012-2015-nji ýyl­lar ara­ly­gyn­da da­gyň üs­tün­dä­ki buz­lar kem-kem­den eräp azal­dy. Hä­zir­ki wagt­da älem­go­şar da­gy­nyň iň ýo­kar­ky no­ka­dy­ny hem aý­dyň syn­lap bol­ýar. Dag jyn­sy­nyň dü­zü­min­de köp muk­dar­da gy­zyl de­mir ok­si­di, sa­ry de­mir sul­fi­di we ýa­şyl hlo­rit bar­dy­gy se­bäp­li, dür­li reňk­de ýal­dy­rap gö­rün­ýär. Gyz­gylt, sa­ry, mä­mi­şi, al­tyn­sow, ýa­şyl reňk­ler da­gyň ge­riş­le­rin­den zo­lak-zo­lak bo­lup geç­ýär. Älem­go­şar dag­la­ry de­ňiz de­re­je­sin­den 5 müň 200 metr be­lent­lik­de ýer­leş­ýär. Da­ga çy­kyl­ýan ýö­ri­te ge­ze­lenç ýo­da­la­ry bar. Bu ýer­de ýap­gyt de­pe­le­re çyk­mak­da kyn­çy­lyk çek­ýän­ler üçin at­lar hem kä­ren­de­si­ne be­ril­ýär. Ýag­ny da­gyň de­pe­si­ne py­ýa­da däl-de, at­ly çy­kyp bol­ýar. Älem­go­şar da­gy­na mart-no­ýabr aý­la­ry ara­ly­gyn­da ge­ze­lenç et­mä­ge rug­sat be­ril­ýär. Kus­ko et­ra­byn­dan 62 ki­lo­metr uzak­lyk­da ýer­leş­ýän älem­go­şar da­gy Günüň dog­ýan we ba­typ gel­ýän wag­ty has owa­dan gö­rün­ýär.
Pe­ru­da­ky älem­go­şar dag­la­ryn­dan baş­ga-da, Hy­taý­da (gy­zyl, sa­ry, mä­mi­şi), ABŞ-da (sa­ry, al­tyn­sow, ga­ra, gy­zyl), Ar­gen­ti­na­da (14 reňk­li), Is­lan­di­ýa­da (sa­ry, gy­zyl, gök) we Tä­ze Ze­lan­di­ýa­da (reňk­li wul­kan da­gy) reňk­li dag­lar bar.