Alymlar topary dünýäniň iň gaty materialyny oýlap tapdylar. Geçirilen ölçeglerde bu maddanyň häzire çenli ölçenen iň aty materialdygy mälim edildi. ABŞ-nyň Ok Rij milli laboratoriýasynyň hünärmenleri hem-de Tennessi uniwersitetiniň komponent teoriýasy we işläp taýýarlamalar boýunça başlygy Easo Jorjuň ýolbaşçylyk edýän topary bilen taýýarlan materialynyň iň gaty maddadygyny mälim edýär. Jorj häzire çenli dünýäniň iň gaty maddasynyň göwherdigini aýdylýandygyny, emma indi munuň üýtgändigini belleýär. Täze işlenip taýýarlanan material aşa berk we çeýe bolup, sowan wagty has hem gataýar. Ylmy barlagyň ýolbaşçysy we awtory Easo Jorj gurluşyk materiallary işlenip taýýarlananda, olaryň güýçli, şol bir wagtyň özünde çeýe we berk bolmagynyň, köplenç bu iki häsiýetiniň deňagramly bolmagynyň talap edilýändigini, emma köplenç bu iki häsiýetden biriniň artyk bolýandygyny aýdýar. Onuň sözlerine görä, bu material gaty hem-de berk. Bu materialy ýasamak üçin “CrCoNi” ýagny hrom, kobalt we nikel elementlerinden peýdalanylypdyr.
Ýazmyrat Öwezmyradow, Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň talyby
PDF









