19-njy martda Aşgabatda “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly: durnukly ösüşi üpjün etmekde sebitara ykdysady hyzmatdaşlygyň orny” atly halkara maslahat geçirildi. Bu halkara forum sebitara gatnaşyklaryny ösdürmek, täze mümkinçilikleri döretmek ugrunda hyzmatdaşlygyň täze ugurlaryny açdy. Aýratyn bellemeli zatlaryň biri hem maslahata türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagy maslahatyň ähmiýetini has-da artdyrdy. Forum Bitarap Türkmenistan ýurdumyzyň halkara gatnaşyklarynda hyzmatdaşlygy ösdürmekde ykdysady diplomatiýanyň netijelidigini görkezdi.
Sebitleýin hyzmatdaşlygy ösdürmek ýurdumyzyň daşary strategiýasynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolupdy we häzirki döwürde hem şeýle bolmagynda galýar. Sebäbi islendik ýurduň ösüşi we howpsuzlygy köp derejede ony gurşap alýan geosyýasy we geoykdysady ýagdaýlara bagly bolýar. Umumy geografik giňişlikde ýerleşýän ýurtlar bilen syýasy, ykdysady we medeni ugurlarda ösdürilýän hyzmatdaşlyk olaryň arasynda özara düşünişmek ýörelgelerine eýerýän gatnaşyklaryň ýola goýulmagyna şert döredýär. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyz köptaraplaýyn sebit we sebitara hyzmatdaşlygyň alnyp barylmagynyň tarapdary bolup çykyş edýär. Türkmenistan üçin şeýle hyzmatdaşlygyň geografiki ýerleşişi we Merkezi Aziýa döwletleriniň hem-de onuň bilen goňşy sebitleriň taryhy umumylygy uly ähmiýete eýe bolmak bilen bir hatarda, anyk geosyýasy we geoykdysady şertler hem köp derejede öz täsirini ýetirýär.
Dünýä ykdysadyýetiniň şu güni we geljegi nukdaýnazaryndan seljerilende, durmuş-ykdysady meseleleri çözmekde halkara hyzmatdaşlygyň işjeňleşdirilmegine zerurlyk döreýär. Munuň esasy sebäbini hödürlenýän halkara taslamalaryň amala aşyrylmagynda ýüze çykýan töwekgelçilikli ýagdaýlary kemeltmekde we olaryň öňüni almakda bilelikdäki tagallalaryň netijesiniň ýokary bolýandygy bilen düşündirmek bolar. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistan özüniň ykdysady diplomatiýasynyň çäklerinde doly möçberli we oňyn hyzmatdaşlygy alyp barmak bilen, ykdysadyýet, söwda, energetika, ulag-aragatnaşyk, syýahatçylyk çygyrlarynda hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin dünýä bileleşiginiň dykgatyna täze çemeleşmeleri we teklipleri hödürleýär. Ykdysady çygyrda amala aşyrylýan sebitleýin hyzmatdaşlyk dünýä tejribesinde şeýle gatnaşyklaryň netijeli görnüşleriniň biri hökmünde özüni görkezdi.
Maslahatyň wajyp meseleleriniň bir bolan ulag pudagy dünýäde ählumumylaşmak hadysasynyň ýüze çykmagyny şertlendiren sebäpleriň biri bolup, häzirki döwürde ol sebitleri we yklymlary birleşdiriji güýje öwrüldi. Her bir döwlet öz geografiki taýdan amatly ýerleşişini we onuň mümkinçiliklerini ulanmagyň hasabyna milli ösüşi üpjün etmek üçin zerur bolan geosyýasy we geoykdysady bähbitleri öňe sürýär. Ahyrky netijede bu dürli ugurlarda amala aşyrylýan halkara ähmiýetli ulag gatnawlarynyň artmagyna, ýurtlaryň arasynda söwda-ykdysady, medeni gatnaşyklaryň we syýahatçylygyň uly depginde ösmegine itergi berýär. Gahryman Arkadagymyz Türkmenistan—Owganystan—Pakistan—Hindistan gaz geçirijisiniň örän möhüm taslamadygyny belläp, bu taslamanyň maksady häzirki döwürde jemi 1 milliard 750 million ilaty bolan ýurtlary tebigy gaz bilen üpjün etmekdir. Bu gaz geçiriji boýunça bellenen maksatnama laýyklykda, güýçli depginde işler alnyp barylýar. Bu gaz geçirijiniň ýurdumyzyň çäklerinden geçýän uzynlygy 214 km bolan bölegi guruldy. 2024-nji ýylyň sentýabr aýynda bolsa onuň 153 km Arkadagyň ak ýoly bilen Serhetabat-Hyrat böleginiň gurluşygyna badalga berildi. Häzirki wagtda onuň gurluşyk işleri Owganystanyň çäklerinde dowam etdirilýär. TOPH-yň ýokary ýaşaýyş durmuş ähmiýetini bellemek bilen, gaz geçirijileriň, degişli üpjünçilik ulgamlarynyň gurulmagy bilen, Owganystanda 12 müň iş ornuny döretmäge mümkinçilik berýär. Taslamanyň amala aşyrylmagy köp sanly hukuk, täjirçilik we maliýe meselelerini çözmek bilen baglanyşyklydyr. Şu halkara forum energetika kompaniýalarynyň, konsalting firmalarynyň we banklaryň ýolbaşçylaryna, hünärmenlerine, bilermenlerine TOPH-yň çäklerinde bilelikde işlemek barada pikir alyşmaga mümkinçilik bolar diýip belledi.
Sebitde energiýa hyzmatdaşlygynyň ösmeginde, esasanam, elektrik söwdasynda energiýa gorlary taýdan dünýäniň iň baý ýurtlarynyň biri bolan Türkmenistan wajyp orny eýeleýär. Ýurtda döredilen energiýa öndüriji kuwwatlyklar diňe bir içerki sarp edijini elektrik bilen ygtybarly we üznüksiz üpjün etmek bilen çäklenmän, eýsem onuň goňşy ýurtlara iberilýän möçberini yzygiderli artdyrmaga mümkinçilik berýär. Ýurdumyz köp ýyllardan bäri elektrik energiýasyny goňşy ýurtlara iberýär. Maslahatda Owganystan we Günorta Aziýa ýurtlary bilen energetika hyzmatdaşlygynyň täze döwrüni sebitde parahatçylygy we durnuklylygy berkitmäge we onuň ykdysady ösüşine güýçli itergi berjek Türkmenistan – Owganystan – Pakistan (TOP) energiýa köprüsiniň taslamasy barada hem agzaldy. Agzalan sebitiň wekilleri özleriniň çykyşlarynda hem bu taslamanyň geljekki görkezijilerini belläp geçdiler. Ýeri gelende bellesek, 2024-nji ýylyň sentýabr aýynda “Serhetabat” elektrik bekedinden Owganystanyň Hyrat welaýatyndaky “Nur-el-Jahad” täze elektrik bekediniň işe girizilmegi türkmen elektrik energiýasynyň goňşy ýurda iberilýän möçberini artdyrmaga ýardam berer.
Halkara maslahatyň netijeleri boýunça jemleýji resminama kabul edildi. Şeýlelikde, paýtagtymyzda geçirilen forum Türkmenistanyň ählumumy parahatçylygy hem-de durnukly ösüşini üpjün etmäge, sebitara we halkara hyzmatdaşlygyň gerimini giňeltmäge gönükdirilen halkara başlangyçlarynyň dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan ykrar edilýändiginiň aýdyň nusgasy boldy.

Döwletmyrat ARAZOW, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara ykdysady gatnaşyklary fakultetiniň talyby.