2018-nji ýylyň aprel aýynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 72-nji mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen «Bütindünýä welosiped güni» esaslandyryldy. Onuň Kararnamasynyň awtordaşlary hökmünde 56 döwlet çykyş etdi. Bu Resminama iri gurama agza döwletleriň ählisi tarapyndan gyzgyn garşylandy. Häzirki wagtda dünýäniň ençeme döwletinde welosiped gününe bagyşlanyp dürli çäreler, welosipedli ýörişler guralýar, welosiped ýodalary açylýar.
Welosiped ulagyň ekologiýa taýdan arassa görnüşi bolup, adam saglygy üçin hem peýdalydyr. Şol sebäpli bu ulag diňe gatnaw maksady bilen däl, güýmenje hem-de sport maksatly hem peýdalanylýar. Köp şäherde dükanlaryň we restoranlaryň ýanynda, seýilgählerde, köçeleriň gyralarynda welosipedler üçin niýetlenen ýörite duralgalar bar. We-losipedli gezelençler tutuş maşgala bolup boş wagtyňy netijeli geçirmek üçin hem ajaýyp mümkinçilikdir. Welosipedde gezelenç etmek bedene kadaly agram salýar. Dünýäde Angliýa, Niderlandlar, Germaniýa we Daniýa ýaşly ýurtlarda welosiped has giňden ulanylyp, gündelik durmuşyň aýrylmaz bölegine öwrülendir. Daniýanyň paýtagty Kopengageniň 600 müň töweregi ilaty bolup, şäherde umumy uzynlygy 400 kilometr töweregi welosiped ýoly, 20 müňden gowrak welosiped duralgasy bar. Welosiped sürýänler ýollarda ileri tutulup, ýolyşyklaryň köpüsinde welosipedçiler üçin aýratyn signallar bar. Kopengagen ekologiýa taýdan arassa, welosiped sürýänler üçin iň howpsuz şäherleriň biri hasaplanýar. Adatça, welosiped 20 kilometrden uzak bolmadyk aralykda awtoulagyň ornuny tutýan esasy ulag serişdesi bolmagynda galýar.

Selbi Amanowa, Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Medisina ekologiýasy we gigiýena kafedrasynyň müdiriniň w.w.ý.ý., uly mugallym.