Baý medeniýeti we özboluşly däp-dessurlary bilen tanalýan Hindistanda milli äheňde hem-de halkara derejesinde birnäçe baýramçylyk festiwallary geçirilýär. Şolaryň biri hem Holidir. Holi festiwaly dünýäde «reňkleriň baýramy» hökmünde meşhurdyr. Hindi senenama aýy Phalguna görä, bu baýramçylyk Purnima agşamynda, ýagny dolan Aý güni başlanýar. Şu ýyl 4-nji martda bellenilýän Holi hindi medeniýetiniň aýrylmaz bölegi bolan gadymy baýramlaryň biridir. Şatlykly ýagdaýda geçýän Holi festiwaly üçin aýal-gyzlar tarapyndan tebigy usulda alnan gury reňkler we suwa garylan boýaglar taýýarlanylýar. Köçeleriň ýüzüne abir we gulal reňkleri bilen dürli şekiller hem-de suratlar çekilýär. Festiwal güni maşgala agzalary üýşüp, matri, papri, papad we gujiýa ýaly süýjülikdir baýramçylyk tagamlaryny taýýarlaýarlar.
Çagalar üçin örän gyzykly ýagdaýda geçýän Holi baýramçylygynda hemmeler biri-biriniň üstüne dürli öwüşginli reňkleri sepýärler. Bu ýagdaý gyşyň gutaryp, ýazyň başlanandygyny alamatlandyrýar. Baýramçylyga başgaça «Rang Panchami» hem diýilýär. Hindileriň arasynda «Holi ynsanlaryň arasynda söýgi döredýär hem-de jemgyýetiň has-da ysnyşmagyna mümkinçilik berýär» diýen ynanç bar. Baýramçylyk güni öýke-kineli adamlar hem biri-birine reňk sepip, dostlukly ýagdaýda baýramçylyk belleýärler. Holi gelende tebigat al-elwan güllere beslenýär. Şol sebäpli Holi festiwalyna Hindistanyň käbir sebitinde Bahar baýramy hem diýilýär. Holi baýramy Nepalda hem uly dabara bilen bellenip geçilýär. Iki günlük baýramçylyk çäresi ABŞ, Beýik Britaniýa, Mawrikiý we Günorta Afrika Respublikasy ýaly hindileriň ýaşaýan ýurtlarynda hem bellenilýär.
PDF









