Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ykdysady ösüş nusgasynyň rowaçlanmagynda, bazar gatnaşyklarynyň kämilleşdirilmeginde, ýokary netijeli innowasion özgertmeleri durmuşa geçirmekde nusgalyk işleri bilen abraý alýan hususyýetçileriň 30 müňe golaýyny hataryna birleşdirýän Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň esaslandyrylmagyna 17 ýyl doldy. Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda guralan sergi döwlet goldawy bilen, gysga döwürde hususy ulgamda ýetilen belent sepgitlere bagyşlandy. «Türkmenistanyň geljegine maýa goýumlar» atly halkara forum bilen ugurdaşlykda guralan sergide ýurdumyzda hususyýetçiligi, maýa goýum işini, halkara işewürlik gatnaşyklaryny ösdürmäge döredilýän mümkinçilikler giňden açylyp görkezildi.
Hormatly Prezidentimiziň durmuşa geçirýän oýlanyşykly ykdysady strategiýasynda kiçi we orta telekeçiligi ösdürmäge, işjeň maýa goýum syýasatyna uly ähmiýet berilýär. Prezident Maksatnamasynda, «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 – 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda», «Türkmenistany 2025-nji ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasynda» döwlet-hususy hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegine, hojalygy ýöretmegiň netijeli usullarynyň giňden ornaşdyrylmagyna, bazar gatnaşyklary şertlerinde telekeçileriň bu işlere işjeň çekilmegine uly ähmiýet berilýär. Şu ýylyň ýanwar-fewral aýlarynda Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi boýunça oba hojalyk we azyk önümlerini öndürmegiň ösüş depgininiň 106,6 göterime, senagat önümlerini öndürmegiň ösüş depgininiň 106 göterime deň bolmagy döredilýän giň mümkinçilikleriň miwesidir. Geljekde kiçi we orta telekeçiligi ösdürmek, jemi içerki önümiň düzüminde hususy pudagyň paýyny 71,6 göterime ýetirmek ugrundaky özgertmeler türkmen telekeçilerini täze üstünliklere ruhlandyrýar. Ýakynda hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynda Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň buýurmasy esasynda «Eziz doganlar» hususy kärhanasy tarapyndan bina edilen Bäherden keramiki önümler kärhanasynyň açylmagy hem döwlet-hususy hyzmatdaşlygynyň aýdyň netijesidir.
Daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürýän senagatçylardyr telekeçiler ösüşlere uly goşant goşýarlar. Häzirki wagtda telekeçilerimiz oba hojalyk ekinleriniň ýokary hasyl berýän, ir ýetişýän täze görnüşlerini ekýärler. Şunda ulanylýan innowasion usullar bol hasylyň we tebigy serişdelerden netijeli peýdalanmagyň girewi bolup hyzmat edýär. Oba hojalykçy telekeçilerimiz bazarlarymyzy mal we guş eti, balyk we balyk önümleri, ýumurtga, süýt we süýt önümleri, şöhlat, konditer, çörek we çörek önümleri, agyz suwy, miwe içgileri hem-de şireleri, ösümlik ýagy, bugdaý, pagta, gök-bakja, azyklyk däneleri, miweler we üzüm hem-de beýleki önümler bilen üpjün edýärler.
Mälim bolşy ýaly, geçen ýylda ýurdumyz boýunça maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna önümçilik we medeni-durmuş maksatly desgalaryň 86-sy, umumy meýdany 1 million 145 müň inedördül metre deň bolan ýaşaýyş jaýlary ulanmaga berildi. Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda hem Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen gurulýan, ýurdumyzyň taryhynda ilkinji «akylly» şäher bolan Arkadag şäheriniň ikinji tapgyrynyň gurluşygy ýokary depginde dowam etdirilýär, täze önümçilik we durmuş düzümleri döredilýär. Bu üstünliklerde hususy pudagyň wekilleriniň mynasyp goşandy bardyr. Çünki türkmen işewürleri innowasion tehnologiýalary we öňdebaryjy dünýä tejribesini özleşdirmek bilen, ösüşiň täze belentliklerini nazarlaýarlar.
Şanly wakalar, belent sepgitler bilen taryha ýazylýan Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly hem hususy pudagyň wekillerini täze üstünliklere ruhlandyrýar. Eziz Diýarymyzyň ähli babatda gülläp ösmegi, halkymyzyň bagtyýar durmuşda ýaşamagy ugrunda ýadawsyz aladalary edýän Arkadagly Gahryman Serdarymyza we türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza tüýs ýürekden alkyş aýdýarys.
Zaman KULYÝEW,
Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň mugallymy.