Barlag geçirijiler köp sanly synaglaryň netijesinde itleriň iň akylly tohumyny kesgitlediler. Finlýandiýanyň Helsinki uniwersitetiniň barlag geçirijileri itiň akyl ýetiriş aňy boýunça iň uly laboratoriýa barlagyny geçirdiler. Barlaglar giň gerimli bolup, 2016-njy ýylyň mart aýyndan 2022-nji ýylyň fewral aýy aralygynda geçirildi. Bu döwürde itiň eýelerini itleri bilen birlikde synag meýdançalaryna çagyrdylar.
Bu barlaga 13 dürli tohumdaky müňden gowrak it gatnaşdy. Olaryň arasynda border-kolli, belgiýa malinualy, iňlis koker-ispanieli, nemes owçarkasy, altynsow retriwer, labrador-retriewer we beýleki görnüşler bar.
Alymlar synagyň netijelerini seljerenlerinden soň, tohum itleriň arasynda gysga wagtlyk ýat we logiki düşünme babatda onçakly tapawut ýok diýen netijä geldiler. Şeýle-de bolsa, barlag geçirijiler itleriň sosial akyl ýetiriş, gözegçiligi saklamak we daş-töwerekdäki meseleleri çözmek boýunça ukyplarynyň tapawudyny ýüze çykardylar.
Gyzykly tarapy, border-kolli geçirilen tejribe tabşyryklarynyň ählisinden baş alyp çykdy. Bu çopan iti köpden bäri akylly it hökmünde giňden tanalyp, olaryň aglabasy onlarça ýeriň adyny ýatda saklamagyň we buýruklary dürs ýerine ýetirmegiň hötdesinden gelýär.
Alymlar öňki barlaglarda itiň tohumynyň olaryň özüni alyp barşyna we hereketlerine täsir etmeýändigini, eýesiniň tälim bermegi esasynda belli bir derejä gelýändigini anyklapdylar. Bu gezekki geçirilen barlagda itleriň daş-töwerege akyl ýetiriş aňy we ukyby seljerildi.