Pleý-off tapgyrynda “Milany” ýaryşdan çykan “Feýenoord” toparyna Milan şäheriniň beýleki klubuny ýeňmek başartmady. Öz meýdançasynda 2-0 hasabynda utulan “Feýenoord” myhmançylykda-da “Interden” asgyn geldi. Ýer eýeleriniň doly artykmaçlygynda geçen oýunda “Inter” Markus Turamyň hem-de Hakan Çalhanoglunyň gollary bilen 2-1 hasabynda ýeňiş gazandy. “Feýenoordyň” ýeke-täk goluny bolsa 42-nji minutda penaltiden Moder geçirdi. Şunlukda, “Inter” 1 ýyllyk arakesmeden soň 8-nji gezek çärýek finalda oýnar. “Inter” çärýek finalda “Bawariýa” bilen duşuşar.