«New England Journal of Medicine» atly žurnalda kofe bilen bagly täze ylmy işiň netijeleri barada maglumat berildi. Barlaglara görä, yzygiderli kofe içýänleriň beýlekilerden müň ädim köp ädýändigi ýüze çykaryldy. Şeýle hem bu barlagda kofäni halaýanlaryň beýlekilerden 30 minut az uklaýandygy anyklandy. Barlagy geçirmäge gatnaşan Gregori Markus kofäniň fiziki işjeňligi artdyrýandygy barada subutnamalaryň bardygyny, adamlaryň kofe içenden soňra gurplanandygyny aýdýandyklaryny belledi.
Barlag ABŞ-nyň Kaliforniýa ştatyndaky San-Fransisko sebitinde ortaça 39 ýaşly 100 adamyň arasynda geçirildi. Meýletinçiler näçe ädim ädýändigini we näçe wagt uklaýandygyny ölçeýän enjamlary dakyndylar. Olara iki günüň dowamynda näçe islese kofe içip biljekdigi aýdyldy. Soňra bolsa, iki günläp kofe içmezlik tabşyryldy. Bu ýagdaý iki hepde dowam etdi.
Meýletinçileriň kofe içen günlerinde içmedik günündäkiden ortaça 1 müň 58 ädim köp ädendigi anyklandy. Şeýle hem olar kofe içilen günlerde azyndan 36 minut az uklapdyrlar.
Aýgözel Rejepowa,
Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň mugallymy.
PDF









