Iňlis futbolynyň taryhynda yzly-yzyna 4 gezek çempionlyk gazanan ýeke-täk topar bolan “Mançester Sitiniň” ýyldyzy, şol 4 çempionlykda-da esasy roly oýnan belgiýaly Kewin de Bruýne möwsümiň ahyrynda klubdan gidýändigini resmi ýagdaýda mälim etdi. Ol özüniň sosial media hasaby arkaly “Gadyrly Mançester” ady bilen paýlaşan setirlerinde şeýle diýýär:

– Bu sözbaşyny göreniňizde, näme diýjek bolýanyma düşünensiňizdir. Şonuň üçinem derrew tema girýärin, häzirki günler meniň “Mançester Sitidäki” soňky 2 aýym. Bu barada ýazmak aňsat däl, ýöne biz futbolçylar şeýle pursatlaryň hemişe gelýändigini bilýäris. Ine, şol günem gelip ýetdi we ilkinji bolup, habary menden eşidiň. Durmuşymda arzuwlarymyň yzyndan gidýärkäm, şu döwrüň meniň durmuşymy üýtgetjekdigini bilemokdym. Şu şäher, şu klub we şu ynsanlar… maňa ähli zady berdi. Meniňem hemme zady yzyna gaýtarmakdan başga alajym ýokdy. Hany biljek boluň, netije nähili boldy? Biz bilelikde ähli ýeňşi gazandyk. Indi hoşlaşmagyň wagty gelip ýetdi. Men we maşgalam, Mançesteriň biziň üçin näme many berýändigine gaty gowy göz ýetirýäris we munuň üçin minnetdarlygymyzyň çägi ýok. Mançester çagalarymyzyň passportynda we iň esasysy hem biziň ýüreklerimizde hemişelik orun alar. Bu ýer biziň hemişe öýümiz bolup galar. Şu 10 ýyllyk başdan geçirme üçin şähere, kluba, toparyň işgärlerine, tälimçilerime, topardaşlaryma köp sagbolsun aýdýaryn. Her hekaýanyň soňy bolýandyr, ýöne bu gürrüňsiz iň gowy bölümidi. Klubdaky soňky günlerimiň keýpini bilelikde göreliň. Hormatlamak bilen KDB”

2015/16 möwsüminde “Mançester Siti” toparyna transfer bolan Kewin de Bruýne klubda 413 oýunda meýdança çykdy. Şolarda 106 gol geçirip, 174 goluň pasyny berdi. 2 gezek APL-de ýylyň futbolçysy saýlanan 33 ýaşyndaky Kewin de Bruýne iňlis klubunda Çempionlar Ligasynyň, FIFA Klublar Dünýä Kubogynyň, “Premier Liganyň” (6), FA Kubogynyň (2), Liga Kubogynyň (5), Angliýanyň Super Kubogynyň (3) çempionlyklaryny, jemi 16 kubok gazandy.

De Bruýneniň mundan soň haýsy klubda oýnajakdygy belli bolman, onuň bilen arap klublary içgin gyzyklanýar.