“Nokia” Aýda 4G internet gurar

140

Finl­ýan­di­ýa­nyň “No­kia” kom­pa­ni­ýa­sy Aýyň ýü­zün­de 4G in­ter­net oru­ny dö­re­der. Şu ýy­lyň no­ýab­ryn­da “SpaceX” kom­pa­ni­ýa­sy­nyň “Falcon 9” ra­ke­ta­sy bi­len 4G ara­gat­na­şyk ul­ga­my Aýyň or­bi­ta­sy­na ibe­ri­ler. Soň­ra bol­sa, en­jam “In­tui­tive Machi­nes” at­ly ame­ri­kan kom­pa­ni­ýa­sy­nyň iş­läp taý­ýar­lan “Nova-C” at­ly kos­mos en­ja­my bi­len Aýyň ýü­zü­ne gon­du­ry­lar. Ara­gat­na­şyk ul­ga­my­nyň Aýyň Şak­le­ton kra­te­rin­de otur­dyl­jak­dy­gy mä­lim edil­di.
Fin kom­pa­ni­ýa­sy 4G ul­ga­my­nyň Ýe­riň hem­ra­syn­da­ky kyn te­bi­gy şert­le­re çy­dam­ly edi­lip di­zaýn edi­len­di­gi­ni ha­bar ber­ýär. Bu teh­no­lo­gi­ýa gel­jek­de Aýa git­jek ast­ro­nawt­la­ryň he­mi­şe­lik be­ke­di dö­ret­mek­le­ri­ne go­şant go­şar.
ABŞ-nyň Ae­ro­kos­mos eda­ra­sy­nyň (NA­SA) “Ar­te­mis” at­ly mak­sat­na­ma­nyň çäk­le­rin­de 2026-njy ýyl­da Aý ast­ro­nawt­la­ryň goý­be­ril­me­gi­ne ga­ra­şyl­ýar.
Ast­ro­nawt­lar ol ýer­de bol­mak üçin be­ket gur­ma­ly bo­lar­lar. Bu be­ket Aý bar­lag­la­ry­nyň ge­çi­ril­me­gi üçin äh­mi­ýet­li­dir. Şeý­le hem bu be­ket. Mars ýa­ly kos­mos gi­ňiş­li­gi­ne çyk­mak üçin bas­gan­çak hök­mün­de hyz­mat eder.
“No­kia” bu tas­la­ma­ny dur­mu­şa ge­çir­mek üçin 2020-nji ýyl­da NA­SA ta­ra­pyn­dan saý­la­nyp­dy. Fin kom­pa­ni­ýa­sy­nyň Bell la­bo­ra­to­ri­ýa­sy­na tas­la­ma­ny ma­li­ýe­leş­dir­mek üçin 14,1 mil­li­on dol­lar ber­lip­di.
Şeý­le­lik­de, Ýer­de el te­le­fon­la­ryň ýaý­baň­lan­ma­gy­na uly go­şant go­şan “No­kia” gel­jek­de Aýy hem ara­gat­na­şyk ul­ga­my bi­len üp­jün eder.

Aý­mu­ham­met Beg­se­ýi­tow, Türk­me­nis­ta­nyň Döw­let ener­ge­ti­ka ins­ti­tu­ty­nyň ta­ly­by.