Home Blog Page 1155

Türkmenistanyň we Beýik Britaniýanyň DIM-leriniň wekilleri Owganystandaky ýagdaýlary ara alyp maslahatlaşdylar

23-nji awgustda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary W.Hajiýew Beýik Britaniýanyň Daşary işler, Arkalaşygyň işleri we ösüş boýunça döwlet ministri, Uimbldonyň Lordy Ahmad bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi.

Işjeň ýagdaýda geçen gepleşikleriň barşynda taraplar Owganystandaky ýagdaýlary, şeýle hem umumy howplara we wehimlere garşy göreşmek meselelerini, halkara hyzmatdaşlygyň syýasy hem-de ynsanperwer ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar, şeýle-de bu babatda gepleşikleri dowam etdirmegi ylalaşdylar.

Mask beýleki öndürijilere “Tesla” awtopilotyny bermäge taýýar

“Tesla” kompaniýasynyň ýolbaşçysy Ilon Mask awtonom hereketlendiriş ulgamyny beýleki öndürijilere bermäge taýýardygyny mälim etdi. Bu çözgüt bäsleşýän awtoulag öndürijilerine ulgamy noldan başlamak üçin köp pul sarp etmän, awtonom hereketlendiriji ulgamlaryny awtoulaglaryna birleşdirmäge mümkinçilik berer. Şol bir wagtyň özünde, köp hünärmenler geljek on ýylda öz-özüni dolandyrýan awtoulaglaryň geljegine şübheli garaýarlar. Şeýle tehnologiýalar giňden ýaýramazdan ozal çylşyrymly hukuk we ätiýaçlandyryş meseleleri çözülmeli bolar. Emma Mask “Tesla”-nyň indiki nesil awtonom hereketlendiriş ulgamynyň adamyň derejesinden has ýokary howpsuzlyk derejesini üpjün edip biljekdigine ynanýar.

“Dünýäniň iň gymmat sazy” hasaba alyndy

146 million ýewro (200 dollar) bahasy bolan 12 sany “Stradivari” skripkasy “taryhyň iň gymmat albomy” hökmünde hasaba alyndy. Taslamany döreden “J&A Beare” skripka satyjysy Stiwen Smit munuň “düýbünden gymmatdygyny” aýtdy. Jemi ýaşy 3 müň ýyldan ýokary bolan gurallar “12 Stradivari” albomyny ýazga almak üçin Ýewropa, Amerika we Aziýa arkaly “öýlerinden” Londona getirildi.

Albom 10-njy sentýabrda Angliýanyň “Decca Classics” belliginde çykýar. Antonio Stradiwari (1644-1737) tarapyndan takmynan 650 gural, şol sanda 450 skripka saklanyp galypdyr. Ussat eseriniň “altyn eýýamy”  diýlip atlandyrylýan döwürde 1700-nji ýyldan 1720-nji ýyla çenli döreden gurallary aýratyn ýokary baha berilýär.

Amazonkada maýmynyň täze görnüşi tapyldy

Braziliýada alymlar maýmynyň täze görnüşini tapdylar. Tapylan täze maýmyn görnüşine şol ugruň hünärmeni professor Horasio Şnaýderiň adyny dakdylar. Olar “Mico” jynsyna degişli bolup, diňe jeňňelde duş gelýär. Şnaýderiň maýmynlary reňk taýdan we genetiki nukdaýnazardan beýlekilerden ep-esli tapawutlanýar. Amazonka maýmynlarynyň görnüşleriniň umumy sany näbelli bolup galýar, wagtal-wagtal täzeleri tapylýar. Hünärmenler Şnaýderiň maýmynlarynyň genetikasy bilen has içgin gyzyklanyp olary öwrenmegini dowam etdirýärler. Bu bolsa ýok bolmak ýa-da ýitmek howpunyň öňüni almaga kömek eder.

«Galkynyş» gaz käninde gaz guýularynyň gurluşygyna badalga berildi

Şu gün (23-nji awgust) hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda Mary welaýatynyň Ýolöten etrabyndaky «Galkynyş» gaz käninde gaz guýularynyň gurluşygyna badalga bermek mynasybetli dabaraly maslahat geçirildi.

Mälim bolşy ýaly, hormatly Prezidentimiz şu ýylyň iýul aýynda gol çeken Kararyna laýyklykda «Türkmengaz» döwlet konsernine aýratyn çylşyrymly guýularyň üçüsiniň gurluşygyna badalga bermek hem-de ulanmaga tabşyrmak barada «СNPС Сhuanqing Drilling Engineering Сompany Limited» (HHR) kompaniýasy bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi. Taslamanyň möhleti 30 aý bolan guýularyň her biri gije-gündiziň dowamynda tebigy gazyň ortaça 3 million kubmetrine golaý önümini bermegine garaşylýar.

Hormatly Prezidentimiz dabara gatnaşyjylary ýurdumyzyň gaz pudagy üçin möhüm waka bolan — «Galkynyş» gaz käninde täze guýularyň gurlup başlanmagy bilen gutlady. Şeýler hem Türkmenistanyň Hytaý Halk Respublikasy bilen üstünlikli ösýän strategik hyzmatdaşlygynyň berkeýändigine üns çekdi.

Maslahatyň dowamynda Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Sýan Naýçen, «Internasional Ltd» Hytaýyň milli nebitgaz korporasiýasynyň Türkmenistandaky şahamçasynyň baş direktory Çen Huaýlu çykyş etdiler.

Maslahata gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde ýurdumyzyň nebitgaz senagatynda gazanylan üstünlikler, «Galkynyş» gaz käniniň nobatdaky gaz guýularynyň ähmiýeti bilen tanyşdyrýan wideofilme uly gyzyklanma bilen tomaşa etdiler.

Soňra «Türkmengaz» döwlet konserniniň hünärmeni, teleköpri arkaly hormatly Prezidentimizden «Galkynyş» gaz käniniň nobatdaky gaz guýusynyň buraw işlerine ak pata bermegini uly hormat bilen haýyş etdi.

Hormatly Prezidentimiz dabaraly ýagdaýda «Galkynyş» gaz käniniň gaz guýusynda alnyp baryljak buraw işlerine ýorite taýýarlanylan düwmäni basyp ak pata berdi.

Şeýlelikde, maslahata gatnaşyjylar «Galkynyş» gaz käninde gaz guýusyndaky buraw işleriniň dabaraly başlanyşyna uly ruhubelentlik bilen teleköpri arkaly syn etdiler we şanly wakanyň şaýady boldular.

Nebitgaz senagaty milli ykdysadyýetimiziň esasy pudagy bolup, Türkmenistanyň durmuş-ykdysady taýdan ösüşiniň sazlaşykly depginlerini üpjün etmekde onuň ähmiýeti örän uludyr. Dünýäde iri «Galkynyş» gaz käniniň senagat taýdan ulanmaga berilmegi bu ugurda giň gerimli taslamalaryň biri boldy. Onuň gorlary Ýaşlar we Garaköl ýataklary bilen bilelikde 27 trillion kubmetre golaý möçberde kesgitlendi.

Bu barada “ussat news” web saýty habar berýär.

Zwerew Rublewden üstün çykdy

Tennis boýunça ABŞ-nyň Sinsinnati şäherinde geçirilen “Western & Southern Open” ýaryşynyň finalynda erkekleriň arasynda germaniýaly Aleksander Zwerew bilen russiýaly Andreý Rublew duşuşdy. Möwsümiň 7-nji “ATP Masters” ýaryşy bolan bu bäsleşigiň finalynda Zwerew 6:2 we 6:3 hasaplar bilen ýeňiş gazandy. Erkekleriň arasynda 120-nji gezek geçirilen we umumy baýrak gaznasy 3 028 140 dollara deň bolan ýaryşda ilkinji sapar çempionl boldy. Bu onuň karýerasyndaky 17-nji ATP çempionlygydyr.

Şeýle-de, zenanlaryň arasyndaky finalda awstraliýaly Eşli Barti bilen şweýsariýaly Jil Taýhmann duşuşdy. Duşuşykda Barti 6:3 we 6:1 hasaplar bilen ýeňşini baýram etdi. Bu onuň WTA-nyň bäsleşiklerindäki 13-nji çempionlygydyr. Sinsinnattidäki bu bäsleşik zenanlaryň arasynda 93-nji gezek geçirilip, onuň umumy baýrak gaznasy 2 114 989 dollara deňdir.

Erkekleriň arasyndaky jübütleýin bäsleşikde ispaniýaly Marsel Granollers bilen argentinaly Horasio Zeballos, zenanlaryň arasynda awstraliýaly Samanta Stosur bilen Çžen Şuai ýeňiş gazandy.

Ugas Pakiýaony ýeňlişe sezewar etdi

WBA-nyň orta agram derejesindäki çempionlyk guşagy duşuşygynda kubaly Ýurdanis Ugas filippinli meşhur boksçy Menni Pakiýao özara duşuşyk geçirdi. ABŞ-nyň Newada şäherinde geçirilen tutluşyk 12 raunlap dowam etdi. 12 raundyň ahyrynda-da eminleriň gelen netijesine görä (115:113, 115:113, 116:112) Ugas ýeňiş gazandy. Bu 35 ýaşyndaky boksçynyň karýerasyndaky 27-nji ýeňşi bolýar. Ol şu wagta geçiren duşuşyklarynda 4 gezek hem ýeňildi.

42 ýaşyndaky Pakiýao bolsa 72 duşuşygynda 8-nji gezek garşydaşlaryndan asgyn geldi. Sekiz dürli agram boýunça dünýäniň çempiony bolan ýeke-täk boksçy Pakiýaonyň 39-sy nokaut bilen jemi 62 ýeňşi, şol sanda-da, 2 deňligi bar.  

46 geleşik hasaba alyndy

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň geçen hepdedäki söwdalarynda geleşikleriň 46-sy hasaba alyndy.

Daşary ýurt walýutasyna BAE-den, Gyrgyz Respublikasyndan, Serbiýadan, Russiýa Federasiýasyndan, Owganystandan, Türkiýeden, Täjigistandan, Şweýsariýadan, Azerbaýjandan, Ukrainadan we Gazagystandan gelen işewürler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen awtobenzini, suwuklandyrylan gazy, polipropilen önümlerini, awiakerosini satynaldylar. Şeýle-de Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň dokma toplumlarynda öndürilen dürli nah ýüplügi satyldy. Şol sanda Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň kärhanalarynda öndürilen buýan köki we kök baldaklary satyn alyndy.
Geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 31 million 712 müň 100 dollaryndan gowrak boldy. Manat serişdesine BAE-den we Ermenistandan gelen işewürler jemi bahasy 39 million 270 müň 500 manatlyk nah ýüplügini satyn aldylar. Ýurdumyzyň telekeçileri içerki bazar üçin jemi bahasy ABŞ-nyň 541 müň 400 dollaryna barabar hem-de 3 million 700 müň manatlyk polipropilen önümlerini we portland sementi satyn aldylar.

“Bawariýa” “Real Madridiň” taryhy rekordyny täzeledi

Germaniýanyň Bundesligasynda Bawariýa taryhy rekord goýdy. Şol sanda toparyň hüjümçisi Robert Lewandowski hem öz rekordyny täzeledi. Öz meýdançasynda Köln bilen duşuşan Bawariýa kynlyk bilen 3-2 hasabynda ýeňdi. Birinji ýarysy golsuz geçen oýnuň 50-nji minutynda Robert Lewandowski tapawutlanyp, hasaby açdy. Bundesligada yzly-yzyna 12-nji duşuşygynda tapawutlanan 33 ýaşyndaky Lewandowski bu görkeziji boýunça Borussiýa Dortdmundaky öz rekordyny gaýtalady. Yzly-yzyna 15-nji duşuşygynda tapawutlanan Lewandowski bu duşuşyklarda 23 gol geçirdi.

58-nji minutda Serž Gnabri hasaby 2-0-a çykardy. Ýöne Köln 2 minutda gol geçirip, hasaby deňledi. Gollary Modeste (60) bilen Uth (61) derwezä girizdi. 71-nji minutda Serž Gnabri oýna soňky nokady goýup, 3-2 hasabynda ýeňiş gazandy we möwsümdäki ilkinji 3 utugyna eýe boldy.

Şeýlelikde, Bawariýa yzly-yzyn 74 duşuşykda gol geçirip, bu babatda Real Madridiň 73 oýunlyk rekordyny täzeledi. Soňky gezek 2020-nji ýylyň 9-njy fewralynda Leipsig duşuşygynda gol geçirip bilmedik Bawariýa şol 74 oýunda 214 gol pökgini derwezä girizdi. Şol gollaryň 72-sini Robert Lewandowski öz adyna ýazdyrdy. Real Madrid 2016/17 möwsüminde yzly-yzyna 73 oýunda gol geçirip, şolarda 200 pökgini garşydaşlarynyň derwezesinden girizdi.

“Barselona”, Bilbaoda, “Real” Walensiýada büdredi

Ispaniýanyň çempionaty La Ligada 2-nji tapgyrda öňdebaryjylar Real Madrid bilen Barselona öz garşydaşlary bilen deňme-deň oýnap, täze möwsümdäki ilkinji utuklaryny ýitirdiler. Şenbe günki oýunda Barselona myhmançylykda Atletik Bilbao bilen duşuşdy. Oýunda ýer eýeleri 50-nji minutda Inigo Martinesiň goly bilen öňe saýlandy. Barselona bolsa 75-nji minutda Memfis Depaýyň owadan goly bilen hasaby deňledi. Duşuşygyň ahyrynda Barselonadan Erik Garsiýa gyzyl kart aldy.

Myhmançylykda Walensiýa şäheriniň Lewante topary bilen duşuşan Real Madrid 3-3 deňme-deň oýnady. 5-nji minutda Garet Beýliň goly bilen madridliler öňe saýlansa-da, 2-nji ýaryma Rojeriň goly bilen başlan ýer eýeleri 57-nji minutda Kampanýa Lewanteni öňe çykardy. 73-nji minutda Winisius Junior hasaby deňledi. 79-njy minutda Rober Pieriň goly bilen Lewante öňe çyksa-da, 85-nji minutda Junior Winisius oýna soňky nokady goýýar. 87-nji minutda ýer eýeleriniň derwezeçisi Fernandes gyzyl kart alyp meýdançadan çykýar. Şeýlelikde, Barselonadan soň Real Madrid hem 2-nji tapgyrda ilkinji utuklaryny ýitirýär.

Çempion Atletiko Madrid öz meýdançasynda Elçeni Anhel Korreanyň 39-njy minutdaky ýeke-täk goly bilen 1-0 hasabynda ýeňip, 2-nji tapgyrda-da 3 utuk gazandy.

Grenland gerişlerine ilkinji gezek ýagyş ýagdy

Dünýäniň iň uly adasy bolan Grenlandiýa Ýer ýüzünde iň köp buzuň saklanýan ýerleriniň biri hasaplanýar. Bu ýerde müňýyllyklaryň dowamynda eremän duran galyň buz gatlaklary saklanýar. Adanyň kenaryna golaý ýerlerdäki buzlar bolsa, yzygiderli eräp, ummanlardaky äpet aýsbergleri emele getirýär. Bu aýsbergler deňiz suwunyň ýylamagynyň öňüni alyp, tebigat üçin örän wajyp hasaplanýar. Howanyň global derejede maýlamagy netijesinde bolsa adanyň belent depelerine ilkinji gezek ýagyş ýagdy. Adatça, adadaky depeleriň buz gatlaklary garyň ýagmagy netijesinde galňaýar.

Maglumatlara görä, Grenlandiýanyň howasy soňky 10 ýylda 3-nji gezek “0”-dan ýokary, ýagny “+” görkezijä geçipdir. Bu barada ABŞ-nyň milli buz we gar maglumatlary merkezi habar beýär. Merkeziň habaryna görä, 1950-nji ýyldan soňra buz gatlagyna ilkinji gezek güýçli ýagyş ýagypdyr.

Kolorado uniwersitetiniň buz we gar maglumatlary milli merkeziniň uly ylmy işgäri Ted Skambos bu ýagdaýyň Grenlandiýanyň çalt gyzýandygynyň alamatydygyny aýdýar.

Administratiw taýdan Daniýa degişli bolan adanyň 50 müň töweregi ilaty bar. Medeni taýdan Ýewropa ýakyn hem bolsa, Grenlandiýa geografik taýdan Demirgazyk Amerika degişli bolup durýar.

 

90 million ýyllyk ýumurtga tapyldy

Hytaýda 90 million ýyllyk äpet ýumurtga tapyldy. Hytaýyň merkezi böleginde bir daýhanyň tapan ýumurtgasyny Kalgari uniwersitetiniň hünärmenleri ylmy taýdan öwrenipdirler. “Live Science” žurnalynda neşir edilen habarda ýumurtganyň ýaşynyň 90 million ýyllykdygy bellenilýär. Hünärmenleriň geçiren ylmy barlaglarynyň netijesinde ýumurtganyň gabygyň berkdigi we içinde döwlegen süňkleriň bardygy ýüze çykaryldy. Ýumurtganyň dinozawrlar döwründe ýaşap geçen we ýok bolup giden “Yuchelys nanyangensis” pyşbagasyna degişlidigi anyklandy.

Bu pyşbagalar gaty uly bolup, olar ýumurtgalaryny yssy we gurak howanyň täsirinden goramak üçin olary çygly toprakda saklapdyrlar.

“Yuchelys nanyangensis” pyşbagasynyň ýumurtgasynyň Galapagos pyşbagalarynyň ýumurtgasyndan birneme kiçidigi, onuň gabygynyň towugyň ýumurtgasyndan alty esse galyňdygy mälim edildi.

Alymlar ylmy-barlaglaryň netijesinde, kellesi we boýny hasaba alynmazdan, pyşbaganyň uzynlygyny 1,6 metre barabardygyny bellediler. Ýumurtganyň içindäki embrion 85 göterim kämilleşipdir.

 

«FıtchRatings» Türkmenistanyň daşary ykdysady ösüşini bahalarynda şöhlelendirdi

«Fitch Ratings» halkara reýting agentligi Türkmenistana şu reýtingleri berdi: “B” derejede gysga möhletleýin reýting we “B + durnukly” derejede uzak möhletleýin reýting. Bu bolsa Türkmenistanyň milli ykdysadyýetiniň durnukly ösüşine şaýatlyk edýär.

Türkmenistana berlen bu reýtingler ýurduň daşary ykdysady işini mundan beýläk-de işjeňleşdirmäge we beýleki döwletler bilen söwda-ykdysady gatnaşyklaryny giňeltmäge ýardam eder.

Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň Metbugat gullugy habar berýär.

Agyr atletikaçy Polina Gurýewany sylaglamak dabarasy geçirildi

Şu gün Paýtagtymyzdaky Olimpiýa şäherçesinde Tokio Olimpiýa oýunlarynda kümüş medala mynasyp bolan Polina Gurýewany sylaglamak dabarasy geçirildi.

Garaşsyz Türkmenistanyň taryhynda ilkinji Olimpiýa kümüş medalyna Tokioda geçýän Oýunlarda aşgabatly sport ussady Polina Gurýewa mynasyp boldy. Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň talyby bu ýeňşi 14 ýurduň 59 kg çenli agram derejesindäki wekilleri bilen bäsleşikde gazandy.

Aşgabatdaky Olimpiýa şäherçesiniň Başa-baş söweş sungaty sport toplumynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi Serdar Berdimuhamedow ildeşimiz Polina Gurýewa Hormatly Prezidentimiziň adyndan sylaglaryny gowşurdy.

Türkmenistanyň Olimpiýa oýunlarynyň taryhynda ilkinji medaly gazandyran ildeşimiz Polina Gurýewa 50  müň Amerikan dollary möçberinde pul baýragy hem-de Aşgabat şäherinden 3 otagly ýaşaýyş jaýynyň we gymmat bahaly awtoulagyň (“Lexus LX 570 Sport Plus” ) açarlary gowşuryldy. Şeýle hem “Türkmenistanyň at gazanan sport ussady” diýen ady dakyldy.

 

A toparda iki görnüşli ýaryşda çykyş eden türkmen agyr atletikaçysy özi üçin rekord netijäni (217 kg) gazanmak bilen (silterläp – 96 kg, itekläp – 121 kg), üçünji orny eýelän Ýaponiýaly türgen Mikiko Andodan (silterläp – 94) kg, itekläp – 120 kg) 3 kg öňe geçdi. Bu agyrlyk kategoriýasynda birbada götermekde (103 kg), itekläp götermekde (133 kg) we iki görnüşli ýaryşyň jemi boýunça (236 kg) netije görkezmek bilen, üç olimpiýa rekordyny goýan dört gezek dünýä çempiony, 12 dünýä rekordynyň eýesi Kuo Sing-Çžun (Taýwan) birinjiligi eyeledi.

Türgen gyzyň geçen özboluşly sport ýoly barada gysgaça durup geçsek, Polina Gurýewa sport bilen 2011-nji ýyldan bäri yzygiderli meşgullanýar. Ol ilki gimnastika bölümine gatnaşdy, soňra agyr atletika bilen meşgullanmaga girişipdi. Zenan maşgala üçin aňsat bolmadyk bu kyn sportuň esaslaryny oňa ilkinji tälimçisi Ahmet Saryýew öwretdi, hut şonuň ýolbaşçylygynda-da Polina 2017-nji ýylda Bakuda geçirilen Yslam ýurtlarynyň IV raýdaşlyk oýunlarynda altyn medal gazandy. Häzirki wagtda P.Gurýewa Türkmenistanyň ýokary sport ussatlygy mekdebinde milli ýygyndy toparyň baş tälimçisi Artur Emirýandan tälim alýar.

Türk­me­nis­ta­na il­kin­ji Olim­pi­ýa me­da­ly­ny ge­ti­ren tür­gen gy­zyň üs­tün­lik­le­ri ba­ra­da ýat­la­sak, 2017-nji ýy­lyň ma­ýyn­da Azer­baý­ja­nyň paý­tag­ty Ba­ku şä­he­rin­de ge­çi­ri­len Ys­lam Raý­daş­lyk oýun­la­ryn­da ga­za­ny­lan al­tyn me­dal, 2018-nji ýy­l  yň mar­tyn­da Öz­be­gis­ta­nyň Daş­kent şä­he­rin­de ýaş­la­ryň ara­syn­da ge­çi­ri­len Azi­ýa çem­pio­na­tyn­da ga­za­ny­lan bü­rünç me­dal ba­ra­da aýt­mak ge­rek. P.Gur­ýe­wa ýe­ne-de iki sa­ny uly ýa­ryş­da – 2019-njy ýy­lyň ap­re­lin­de Fi­ji Res­pub­li­ka­syn­da ge­çi­ri­len ýaş­la­ryň ara­syn­da­ky dün­ýä çem­pio­na­tyn­da hem-de 2021-nji ýy­lyň ap­re­lin­de Öz­be­gis­ta­nyň Daş­kent şä­he­rin­de ge­çi­ri­len Azi­ýa çem­pio­na­tyn­da dör­dün­ji or­ny eýe­le­me­gi ba­şar­dy.

Ýeriň magnit meýdany güýjüni ýitirýär

Liwerpul uniwersitetinde geçirilen täze gözlegiň netijeleri 200 million ýyl töweregi Ýeriň magnit meýdanynyň güýjüniň uzyn siklini görkezýär. Geomagnit meýdanynyň güýjüni ölçemek üçin gözlegçiler Şotlandiýanyň gündogaryndaky gadymy lawa akymlaryndan alnan gaýa nusgalarynda ýylylyk we mikrotolkun derejesinde paleomagnit derňewleri geçirdiler. Gözleg soňky 80 ýylda toplanan 200-500 million ýyl aralygyndaky nusgalardan ähli ölçegleriň ygtybarlylygyny seljerdi. Netijelere görä, 332 we 416 million ýyl mundan ozal bu gaýalardaky geomagnit meýdanyň güýjüniň häzirki döwrüň dörtden birinden azdygyny we takmynan 120 million ýyl ozal magnit meýdanynyň başlan döwrüne meňzeýändigini hasaba alyndy. Ýeriň magnit meýdany planetamyzy Gün şöhlesiniň ölüm howplaryndan goramak üçin möhümdir.

Soňky 36 ýylda ilkinji transfer

Italiýa çempionaty Serie A-nyň başlanmagyna bir gün galanda taryhy transfer wakasy boldy. Romanyň ispaniýaly futbolçysy Pedro Rodriges klubuň köne bäsdeşi, ganym duşmany Lasio toparynyň düzümine goşuldy. Tölegsiz amala aşan bu transfer iň taryhy waka bolmagy iki klubuň arasynda soňky 36 ýyldaky ilkinji transfer hökmünde hasaba alyndy. Pedrodan öň 1985-nji ýylda Romanyň derwezeçisi Astutillo Malžolio gönümel Lasio toparyna transfer bolupdy. Iki klubda oýnan dürli futbolçylar köp bolup, olar Rim şäheriniň wekillerinde çykyş edeninden soň başga klublarda transfer boldy. Ondan soň Roma ýa-da Lasio toparynyň oýunçysy bolupdylar. Ýöne Romadan Lasio ýa-da Lasiodan Roma gönümel geçmek soňky 36 ýylda ilkinji gezek duş gelinýär.

34 ýaşyndaky Pedro Lasioda 9-njy belgili köýnekçäni geýer. Ol iki ýyllyk şertnama baglaşdy.

UEFA-da ýylyň futbolçysy hem-de tälimçisi kim bolar, dalaşgärler mälim edildi

UEFA-da ýylyň futbolçysy baýragynyň dalaşgärleri mälim edildi. Bu ugurda Çelsiniň 2 ýarymgoragçysy hem-de Mançester Sitiniň 1 ýarymgoragçysy dalaşgär görkezildi. Çelsiniň italiýaly ýyldyzY, ýurdunyň Ýewropa çempionlygyna uly goşant goşan Žoržinio, şol sanda, fransiýaly N’Golo Konte, şeýle-de Sitiniň belgiýaly ýarymgoragçysy Kewin De Bruýne üçüsi UEFA-da ýylyň futbolçysy baýragynyň dalaşgärleri hökmünde bellenildi.

Ýylyň tälimçisi baýragyna-da Italiýanyň ýygyndysynyň tälimçisi Roberto Mançini, Çelsiniň tälimçisi Tomas Tuhel hem-de Mançester Sitiniň tälimçisi Pep Guardiola üçüsinden haýsy hem bolsa biri laýyk görler.

Zenan futbolçylaryň arasynda Jennifer Hermoso, Lieke Martens, Aleksia Putellas, şeýle-de zenan futbolynyň tälimçilerinden Luis Korte, Piter Gerhardsson hem-de Emma Haýz dagy dalaşgär görkezildi. Ýeňijiler 26-njy awgustda Stambulda geçiriljek UEFA Çempionlar ligasynyň bije çekiliş dabarasynyň dowamynda mälim ediler.

Tesla “Tesla Bot” robotyny tanyşdyrýar

“Tesla AI Day” çäresinde adamlaryň gündelik durmuşynda kynçylyk çekýän esasy meselelerini ýerine ýetirmek üçin döredilen “Tesla Bot” ynsanperwer roboty hödürlendi. Soňky günlerde “Spot” we “Atlas” robotlary bilen uly üstünlik gazanan “Boston Dynamics” robot tehnologiýasy meşhurlyk gazanýar. Muskyň döreden gumanoid robotynyň ilkinji prototipi geljek ýyl bazara çykmagyna garaşylýar. “Tesla Bot” -yň boýy 172 sm, agramy 56 kilograma deň bolup, bu robotyň iki eli bäş barmakdan we iki aýakdan ybarat adama meňzeýär. Şeýle hem, adaty adamyň ýöreýiş tizliginden birneme çalt bolmagy üçin döredildi. Sagatda 8 km tizlik bilen hereket edip bilýän robot, takmynan 21 kilograma çenli ýük göterip biler. Robot azyk önümleri satyn almak ýaly gündelik işleri ýerine ýetirip biler.

Üçünji çaga rugsat berildi

Hytaýyň resmi habar gullugy Şinhua tarapyndan berlen beýanatda kanunyň taslamasynyň “Milli halk kongresiniň hemişelik komiteti” tarapyndan tassyklanandygy aýdylýar. Indi Hytaýyň prezidenti Si Szinpiniň Kabul eden kanunyna laýyklykda hytaýlylar 3 çagaly bolmak hukugyna eýedigi baradaky kanuna gol çekdi. Bilşimiz ýaly, Hytaý hökümeti 1980-nji ýylda kabul edilen karar bilen bir çagaly syýasaty durmuşa geçirip başlapdy. Ýurt bu ýol bilen şäherlerdäki ilatyň gürlügine gözegçilik edip biljekdigine ynanýardy. Bu kararyň netijesinde Hytaý şäherleşme prosesini has gowy dolandyrdy we ilatyň gürlügini gözegçilikde saklady. Emma indi Hytaýda täze mesele bar. Bu mesele Hytaý hökümetini bir çagaly syýasatlaryndan ýüz öwürmäge mejbur etdi. Hytaýyň ýyllar boýy bir çagaly syýasaty sebäpli garry ilaty agdyklyk edýär. Hususan-da, işe ukyply ilatyň paýynyň ep-esli azalmagy ýurdy täze syýasata çekdi. Ikinji çaga 2016-njy ýylda kabul edilen karar bilen rugsat beren hökümet indi üçünji çaga hem rugsat eder. Bu kararlaryň netijesiniň 2034-nji ýyldan başlap ýüze çykmagyna garaşylýar.