Portugaliýanyň Prezidenti Marselo Rebelu de Souza 14-nji martda ýurduň telewideniýede eden çykyşynda parlamentiň ýatyrylýandygyny we 18-nji maýda möhletinden öň parlament saýlawlarynyň geçiriljekdigini habar berdi.
Premýer-ministr Luiş Montenegrunyň administrasiýasy 11-nji martda parlamentde ynam sesini alyp bilmänsoň, onuň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetirjekdigi mälim edildi. Prezident Marselo Rebelu de Souza ýurduň esasy syýasy partiýalary we Döwlet Geňeşi bilen geçiren maslahatlaryndan soň saýlawlary möhletinden öň geçirmek barada karar kabul etdi.
Bu soňky üç ýylda ýurtda üçünji gezek geçiriljek saýlawlar bolar. Marselo Rebelu de Souza bu kararyň kabul edilmegine partiýalar bilen hökümetiň arasynda dörän “ynamsyzlygyň” sebäp bolandygyny aýtdy.
Portugaliýa Respublikasy günorta-günbatar Ýewropadaky ýurt bolup, ilaty 10 milliondan gowrak adama deň. Ýurt Demirgazykda we gündogarda Ispaniýa bilen serhetleşýär we günorta we günbatarda Atlantik ummany bilen ýuwulýar. Paýtagty Lissabon.