Geçen hepdäniň sişenbe güni Londonda soňky çempion “Real Madrid” 2-nji ýarymda garaşylmadyk gollar geçirdip, “Arsenaldan” uly hasap bilen ýeňlipdi. Mundan öň UEFA-nyň  ýaryşlarynda 3 golluk aratapawutly ýeňlişlerden birnäçe gezek dolanan madridlilere bu gezek şol başarnygyny gaýtalamak başartmady. “Real Madrid” topary Çempionlar Ligasynyň çäginde şu wagta çenli 111 kluby ýeňdi. Ýöne şolaryň arasynda “Arsenal” bolman, “Real” topçulary öz meýdançasynda-da ýeňip bilmedi. Gaýtam 2-nji gezek Madridde ýeňlişe sezewar boldy. Duşuşygyň 1-nji ýarymy wakalara baý boldy. 13-nji minutda emin VAR-yň görkezmesi boýunça “Arsenalyň” peýdasyna penalti urgusyny belledi. Bu urgyny Bukaýo Saka dürs urup bilmedi. Has takygy, onuň ýerine ýetiren “Panenka urgusyny” Tibo Kurtua sowmagy başardy. Soňra duşuşygyň 30 minuty dolmanka bu gezek “Realyň” peýdasyna emin jerime meýdançasynyň içindäki ak nokady görkezdi. Ýöne VAR-yň kömegi bilen ekranda şol pursata täzeden tomaşa eden Leteksie penaltini ýatyrdy.

Duşuşygyň 2-nji ýarymynda 3 gol hasaba alyndy. Oýnuň başlarynda penaltini salyp bilmedik Saka 65-nji minutda tapawutlanyp, şol ýalňyşynyň öwezini doldy. Ýöne ispan kluby dessine hasaby deňledi. 67-nji minutda goragçy Salibanyň ýalňyşlygyndan peýdalanan Winisius Junior topy derwezä girizip, ispan klubundaky 105-nji goluny geçirdi we toparyň iň netijeli braziliýaly futbolçysy rekordyny Ronaldodan almagy başardy. Oýnuň 90+3-nji minutynda bolsa Gabriel Martinelli tapawutlanyp, duşuşyga soňky nokady goýdy. 2-1 hasabynda ýeňiş gazanan “Arsenal” umumy netijede 5-1 öňe saýlanyp, ýarym finala adyny ýazdyrdy. “Arsenal” topary 16 ýyldan soň ýarym finala çykmagy başardy. Olar soňky gezek 2009-njy ýylda ýarym finala çykypdy. Bu olaryň 3-nji ýarym finaly bolar (2006, 2009, 2025).

“Real Madrid” bolsa soňky 20 ýylda ilkinji gezek çärýek finalda utuldy. Ýagny soňky 20 ýylda “Real Madrid” ýa çärýek finala çykyp bilmändir ýa-da çyksa-da, ýarym finala adyny ýazdyrypdyr diýmekdir. Topar 2005/06 möwsüminden bäri 7 gezek 1/8 finaldan yzyna gaýdan bolsa, 6 sapar hem ýarym finalda utuldy. “Real Madrid” topary şol 20 ýyllyk döwürde bu iň arzyly kubogy 6 gezek asmana göterdiler. “Real Madrid” soňky 15 ýylda 3-nji gezek ýarym finala çykyp bilmedi.