4-6-njy mart ara­ly­gyn­da Ger­ma­ni­ýa­nyň paý­tag­tyn­da «ITB Ber­lin 2025» ser­gi­si ge­çi­ril­di. Şu ýyl Al­ba­ni­ýa ser­gi­niň myh­man ýur­dy hök­mün­de saý­lan­dy. «ITB Ber­lin» dün­ýä­niň iň uly sy­ýa­hat­çy­lyk ser­gi­si ha­sap­lan­ýar. Bu ýyl­ky ser­gi­de dur­nuk­ly­lyk we jo­gap­kär­çi­lik te­ma­la­ry­na üns ber­lip­dir. Ser­gi­niň esa­sy bö­lü­min­de daş­ky gur­şaw we jem­gy­ýet­çi­lik ba­bat­da dur­nuk­ly sy­ýa­hat­çy­ly­gy alyp bar­mak üçin çöz­güt­ler gör­ke­zil­ýär. 1966-njy ýyl­dan bä­ri ge­çi­ril­ýän ser­gä di­ňe sy­ýa­hat­çy­lyk kom­pa­ni­ýa­la­ry däl, eý­sem, awia­kom­pa­ni­ýa­lar, bi­ler­men­ler, alym­lar we beý­le­ki­ler gat­naş­dy. Ser­gä dün­ýä­niň 170 ýur­dun­dan 5 müň 800 kom­pa­ni­ýa gat­naş­ýar.

Mer­gen GURBANGULYÝEW,
Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň talyby.