To­kaý­da ga­dy­my şä­he­rleriň üs­ti açyl­dy

127

Alym­lar Gwa­te­ma­la­da­ky gür to­kaý­da üç müň ýyl­lyk ta­ryhy bo­lan 417 sa­ny ga­dy­my şä­he­ri­ň üs­tü­ni aç­dy­lar.
Ame­ri­kan hem-de gwa­te­ma­la­ly ar­heo­log­lar şä­her­le­riň ara­syn­da je­mi uzyn­ly­gy 177 ki­lo­metr­lik ýo­luň bo­lan­dy­gy­ny mä­lim et­di­ler.
Bu açyş ga­dy­my Ma­ýa me­de­ni­ýe­ti ba­ra­da tä­ze mag­lu­mat­la­ry öw­ren­mä­ge müm­kin­çi­lik be­rer. Alym­lar ýü­ze çy­ka­ry­lan şä­he­ra­ra ýol­la­ryň, suw des­ga­la­ry­nyň we oba ho­ja­lyk inf­rast­ruk­tu­ra­sy­nyň Or­ta Ame­ri­ka­da ýa­şa­ýan halk­la­ryň hä­zi­re çen­li çak edi­li­şin­den has ösen­di­gi­ni gör­kez­ýän­di­gi­ne ün­si çek­ýär­ler.
Gür to­kaý­la­ryň aşa­gyn­da müň­ler­çe ýyl­dan bä­ri giz­le­nip ýa­tan gur­luş­lar ösen ra­dar teh­no­lo­gi­ýa­sy ar­ka­ly ýü­ze çy­ka­ry­lyp, kar­ta­laş­dy­ry­lyp­dyr. Bu açy­şyň Ame­ri­ka yk­ly­my­nyň ta­ry­hy ba­ra­da­ky hä­zi­re çen­li mä­lim bo­lan mag­lu­mat­la­ry üýt­ge­dip bil­jek­di­gi bellenilýär.
Ar­heo­log­lar to­pa­ry 2015-nji ýyl­dan bä­ri bu ýe­riň kar­ta­sy­ny taý­ýar­la­ýar hem-de ga­dy­my ösüm­lik dün­ýä­si­ni öw­ren­mek üçin ar­heo­lo­gik kar­ta­la­ryň taý­ýar­lan­ma­gyn­da esa­sy teh­ni­ki usul­la­ryň bi­ri ha­sap­lan­ýan li­dar teh­no­lo­gi­ýa­syn­dan peý­da­lan­ýar. Alym­la­ryň aýt­mak­la­ry­na gö­rä, bu teh­no­lo­gi­ýa ga­dy­my bent­le­ri, how­dan­la­ry, pi­ra­mi­da­la­ry, ýol­la­ry we beý­le­ki gur­luş­la­ry gör­mä­ge müm­kin­çi­lik ber­di.
Gwa­te­ma­la şä­he­rin­dä­ki San Kar­los uni­wer­si­te­ti­niň yl­my iş­gä­ri, ar­heo­log we ma­ka­la­nyň bi­le­lik­dä­ki aw­to­ry bo­lan En­rik Her­nan­dez has köp iş ge­çi­ri­len ýag­daý­da bu açy­şyň Mü­sür pi­ra­mi­da­la­ry ýa­ly äh­mi­ýet­li açyş bo­lup bil­jek­di­gi­ni bel­le­di.

Mu­ham­met­nur ATA­ÝEW,
Türk­me­nis­ta­nyň Döw­let ener­ge­ti­ka ins­ti­tu­ty­nyň mu­gal­ly­my.