Angliýada ýerde hem-de suwda hereket edýän dünýäniň ilkinji lýuks sport ulagy döredildi. Bu ulag elektrik energiýasy bilen işleýär. Sagatda 100 kilometr tizlik bilen hereket edýän ulag bir gezekki zarýady bilen 200 kilometr ýol geçýär. Bahasy 100 müň dollar boljak ulag şu ýylyň ortalarynda satuwa çykarylar. Üsti açyk sport ulagy ýerden 18 santimetr belentlikde bolup, suwa girilende, howa “ýassygy” arkaly arkaýynlyk bilen ýöreýär. Ulagyň daşky keşbi uçary ýadyňa salýar. Göze ilmeýän yzky tigirleri hem-de sanly ulgam bilen üpjün edilen aýnasy ünsi çekýär. “Arosa” atly ulag Angliýanyň “Von Mercier” şereketi tarapyndan işlenip taýýarlanypdyr. Bu ulagdan eýýäm 180 adam sargyt edipdir. 1950-nji ýyllardan bäri ýerde-suwda hereket edýän ulaglaryň birnäçe görnüşi öndürildi. Bu ulagyň ozalkylardan tapawudy elektrik energiýasy bilen işlemegidir.
Aýsoltan Orazmyradowa,
Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň talyby