Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe güneşli Diýarymyzyň aýna ýaly şaglap ýatan ýollary halkymyzyň döwrebap durmuşyna has-da gözellik çaýýar. Dünýä ülňülerine laýyk gelýän gara ýollarymyz barha giňeldilip, ilatyň durmuş derejesiniň ýokarlanmagy bilen günsaýyn artýan awtoulaglara edilýän hyzmatlaryň hilini has-da ýokarlandyrylýar. Islendik işiň öz edebiniň bolşy ýaly, ýollaryň hem öz tertip-düzgüni, berjaý edilmeli hökmany kadalary bolýar. Bu ozaly bilen, adamyň öz howpsuzlygy üçin wajyp bolup durýar. “Ýol hereketiniň howpsyzlygy – ömrümiziň rahatlygy” biraýlygynyň her ýylda geçirilmeginiň däbe öwrülmegi hem, Döwlet Baştutanymyzyň “Döwlet adam üçindir!” diýen ynsanperwer syýasatyndan gözbaş alýar. Şu şygar astynda ýurdumyzyň dürli künjeklerinde, edara-kärhanalarynda, ylym-bilim ojaklarynda guralýan wagyz-nesihat çäreleri bolsa, pyýada ýolagçylaryň we sürüjileriň ýol hereketiniň howpsyzlygy ugrunda berjaý etmeli düzgünlerini berkitmäge, olaryň sowatlylyk derejesini ýokarlandyrmaga oňyn täsir edýär.

Ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesini döwrüň ösen talaplaryna laýyk getirmek maksady bilen, paýtagtymyzda, welaýatlarymyzda döwrebap ýaşaýyş jaýlary, täze etraplar, şäherçeler we ähli amatlyklary bolan awtoulag ýollary, estakadalar, köprüler gurulýar. Ýurdumyzyň paýtagty Aşgabatda, welaýat merkezlerinde, etraplarda giň hem owadan, aýna ýaly tekiz täze ýollar gurulýar. Ýollaryň ugrunda döwrebap duralgalaryň, ýerasty, ýerüsti geçelgeleriň, ýolyşyklarynyň we beýleki degişli belgileriň bolmagy, sürüjilere we pyýadalara hereket edýän mahaly ähli mümkinçilikleri we amatly şertleri döredýär.

Häzir «Ýol hereketiniň howpsuzlygy – ömrümiziň rahatlygy» diýen şygar astynda geçirilýän biraýlyk tamamlanyp barýar. Ýurdumyzda ýol hereketiniň asudalygyny we howpsuzlygyny üpjün etmekde, ýol-ulag hadysalary sebäpli ýüze çykýan heläkçilikleriň öňüni almakda giň gerimli işleriň geçirilendigi we oňat netijeleriň gazanylandygy bellärliklidir. Biraýlygyň dowamynda ýurdumyzyň ähli künjeklerinde ýollarda özüňi alyp barmagyň medeniýetini wagyz etmäge, ýol hereketine gatnaşyjylaryň özüniň howpsuzlygy üçin şahsy jogapkärçiligine düşünmegine gönükdirilen maksatnamalaýyn işler berjaý edildi.

Myrat Ataýew,

Ýaşlaryň arasynda terbiýeçilik işleri we wagyz-nesihat boýunça Mary welaýatynyň Baýramaly etrap bölüminiň KÝÝIBB-niň müdiri.