Bagtyýar zamanamyzda hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ata Watanymyzda gazanylýan syýasy, durmuş-ykdysady, medeni üstünlikler ähli halkymyzda egsilmez buýsanç duýgularyny döredýär. «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilen 2025-nji ýylda hem ýurdumyzyň ähli pudaklaryny yzygiderli ösdürmek ugrunda netijeli işler alnyp barylýar.
Bilşimiz ýaly, uly üstünliklere beslenip tamamlanan «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda ýurdumyzyň ähli ulgamlarynda, şol sanda milli ykdysadyýetimiziň dürli pudaklarynda ýokary netijeler gazanyldy.
Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň ilkinji aýlary hem uly üstünliklere beslenýär. Bular hakynda golaýda hormatly Prezidentimiziň geçiren Ministrler Kabinetiniň mejlisinde hasabat berildi. Häzirki wagtda ýurdumyzyň ykdysadyýetinde jemi içerki önüm boýunça görkezijiler, ýylyň başyndaky ýaly, 6,3 göterim möçberde saklanýar. Şu ýylyň geçen iki aýynda ösüş depgini senagat pudagynda 1 göterime, gurluşykda
2 göterime, ulag-aragatnaşyk pudagynda 11,1 göterime, söwdada 9,9 göterime, oba hojalygynda 3,3 göterime, hyzmatlar ulgamynda 8,8 göterime deň boldy. 2024-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, jemi öndürilen önümiň möçberi 9,4 göterim artdy. Ykdysadyýetiň pudaklarynda oňyn önümçilik görkezijileri gazanyldy.
Ykdysadyýetiň ähli ugurlarynyň deňagramly ösüşini üpjün etmek döwletimizi mundan beýläk-de ösdürmegiň esasy ugurlarynyň hatarynda durýar. Şu nukdaýnazardan, käbir düzümlerdäki çykyşlarda «Türkmenistany 2025-nji ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasyna» aýratyn üns çekildi. Mälim bolşy ýaly, Maksatnamada 2025-nji ýylda garaşylýan makroykdysady görkezijiler getirilýär, ähli pudaklar üçin önümçilik meýilnamalary, ýerine ýetirilmeli işler, durmuş-ykdysady ösüşiň şertleri bellenilýär, şeýle hem ýurdumyzyň welaýatlary, Aşgabat, Arkadag şäherleri üçin maýa goýum mukdary kesgitlenýär.
Umuman, milli ykdysadyýetimiziň şu ýylyň ýanwar-fewral aýlaryndaky ösüş görkezijileri Gahryman Arkadagymyzyň «Döwlet adam üçindir!» diýen baş ýörelgesine, hormatly Prezidentimiziň «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen şygaryna laýyklykda, durmuş-ykdysady strategiýanyň üstünlikli amala aşyrylýandygyny, raýatlaryň abadançylygyny ýokarlandyrmaga, ilatyň durmuş taýdan goraglylygyny kämilleşdirmäge gönükdirilen anyk işleriň yzygiderli alnyp barylýandygyny aýdyň görkezýär. Pudaklaýyn maslahatlara gatnaşyjylar şular barada aýdyp, hemişelik Bitaraplygymyzyň 30 ýyllygyna beslenýän şanly ýyly mynasyp zähmet üstünlikleri bilen şöhratlandyrmak ugrunda tagallalaryny gaýgyrmajakdyklaryna ynandyrdylar.
Ykdysadyýetiň ähli pudaklaryny diwersifikasiýalaşdyrmak, eksportyň möçberini artdyrmak, importyň düzümini kämilleşdirmek, tebigy serişdeleri rejeli we toplumlaýyn peýdalanmak, täze iş orunlaryny döretmek, innowasion, sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak boýunça giň gerimli çäreler durmuşa geçirilýär. Bularyň ählisi pudaklarda ýokary depginli ösüşi saklap galmaga mümkinçilik berýär. Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň ilkinji iki aýynyň görkezijileri hem ýurdumyzda alnyp barylýan toplumlaýyn özgertmeleriň netijeli häsiýete eýedigine şaýatlyk edýär.
Bu netijeli görkezijiler günsaýyn gülläp ösýän eziz Diýarymyzyň uly üstünliklere beslenýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.
Ata Watanymyzy ösüşleriň, özgerişleriň röwşen ýoly bilen öňe alyp barýan Milli Liderimiziň, hormatly Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak, belent başlary aman bolsun!
Bägül GURBANDURDYÝEWA,
Sarahs etrabyndaky 8-nji orta mekdebiň mugallymy.