Ýurdumyzda ylyma, bilime uly üns berilýär, ýaşlaryň häzirki tehnologiýalaryň ösýän döwründe talabalaýyk bilim almaklary üçin ähli şertler döredilýär. Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersiteti hem ylymda, bilimde zehinli talyplary taýýarlamakda uly işleri bitirýär. Ýokary okuw mekdebimiziň taryhynyň o diýen uzyn däldigine garamazdan, bitiren işleri sanardan kän. Häzirki wagtda uniwersitetimiz, Watanyň daýanjy bolan zehinli, edepli-tertipli ýaşlary taýýarlamakda, olary ýurdumyzyň ösüşine goşant goşmakda beýik işleri bitirjek hünärmenler edip ýetişdirmekde uly işleri durmuşa ornaşdyrýar. Ýokary okuw mekdebimizde bilim beriş ulgamy adyndan hem belli bolşy ýaly, Inžener-tehnologiýalary taýýarlamagyň ugurlary esasynda okadylýar. Uniwersitetde bir ýyl dil öwreniş bölümi bolup, talyplara ilki iňlis hem ýapon dillerini öwretmek arkaly bilim berilýär. Talyplar bu dilleri ussat mugallymlaryň täzeçe häzirkizaman usullary esasynda çuňňur özleşdirip öwrenýärler. Her ugur hem aýratynlykda iňlis we ýapon dillerinde öwrenilýär. Häzirki wagtda dünýäde tehnologiýanyň ösüşine Ýaponiýa uly goşant goşýar. Ýapon dilini öwrenmek tehnologiýa düşünmäge, bu ýurduň ösen tejribesine has aýdyň göz ýetirmäge mümkinçilik berýär. Türkmen ýaşlarynyň hem şol tehnologiýanyň tehniki aýratynlyklaryna doly we dogry düşünmeklerini gazanmak, täze açyşlary amala aşyrmaklaryny gazanmak maksady bilen ýapon dili öwredilýär. Uniwersitetimiziň ýeten derejelerini beýan etmekde talyp ýaşlaryň bitiren işleri uludyr. Ýokary okuw mekdebimizde bilim alýan talyplar öz alýan bilimleriniň miwesini zehinli açyşlary bilen görkezip, uniwersitetimiziň abraýyny has hem artdyrýarlar. Döwrebap tehnologiýalardan oňat baş çykarýan talyplarymyz plastik ýangyjyny galyndy plastik materiallary gaýtadan işlemek arkaly sintetiki süýümi almagyň Innowasion tehnologiýasyny, Aral sebitinde Türkmenistana aralaşýan ýerleriň täsirini peseltmekde Buýan agrosenozyny, gowaçanyň täze sortuny oýlap tapdylar. Mundan başga-da “akylly” öý tehnologiýasyny ilkinji gezek işläp düzdüler. Arkadag şäherinde gurlan öýler ilkinjileriň hatarynda biziň talyplarymyzyň düzen “akylly” öý tehnologiýasynyň ýerleşdirilmegi bildirilýän ynamyň aýdyň jogabydyr. Ýokary okuw mekdebimiz birnäçe dünýä olimpiadalarynda hem netijeli çykyş edýärler. Uniwersitetimiziň talyplary rus dili boýunça guralan halkara internet olimpiadasynda Himiki we nanotehnologiýalar hem-de Innowasiýalaryň ykdysadyýeti fakultetiniň talyplary öňdäki orunlary eýelediler. Başga-da birnäçe halkara olimpiadada, sergilerde talyp ýaşlarymyz uly orunlara eýe bolup gelýärler. Ýokary okuw mekdebimiz häzirki wagtda “UI Green Metric World Uniwersity” sanawynda 432-nji orna mynasyp boldy. Şeýle-de “The Awards Asia 2024” sanawyna Aziýa uniwersitetleriň hataryna girizilmegi aýratyn bellenilmeli üstünlikleriň biridir. Ýaňy-ýakynda uniwersitetimiz bilen Ýaponiýanyň Ýapon-Türkmen ylmy-tehniki hyzmatdaşlyk assosiasiýasynyň arasynda innowasion tehnologiýalar ulgamynda hyzmatdaşlyk barada özara düşünişmek hakynda Ähtnama baglaşyldy.
Ýurdumyzda ýaş nesilleriň döwrebap ylym-bilim alyp, ökde hünärmenler, kämil ynsanlar bolup ýetişmekleri üçin taýsyz tagalla edýän, zerur şertleri döredip berýän Milli Liderimiziň hem-de hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak, il-ýurt bähbitli işleri rowaç bolsun.
Gülbahar Rejepowa, Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň mugallymy.