Türkmen milli el işleriniň naýbaşylarynyň biri-de keşdedir. Keşdeler diňe bir öňki döwürleriň medeniýetini, däp-dessurlaryny saklamak bilen çäklenmän, eýsem, ene-mamalarymyzyň we işine ökde hünärmenleriň döredijilik başarnyklary barada hem maglumat berýär. Alym Arkadagymyz «Enä tagzym – mukaddeslige tagzym» atly eserinde: «Käbämiň gyzlary bilen bile oturyp keşde gaýaýandygy, jorap örýändigi hem edil janly surat eseri ýaly. Hiç bir zat taý bolmajak mähirli garaýyşly käbämiň keşbinde ýyllaryň möhüri galypdyr. Ondan dünýäniň manysyny okap bolýar» diýip, türkmen milli mirasynyň mynasyp waspyny milli keşdeçilik sungatynda görüp bolýandygyny belläp geçýär.
Halkymyzyň birnäçe milli gymmatlyklarynyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna goşulmagy biziň buýsanjymyzy hasam artdyrýar. Şolar bilen bir hatarda, türkmeniň keşdeçilik sungatynyň hem şol sanawa girizilmegi aýratyn bellärliklidir. Sebäbi amaly-haşam sungatynyň has irki görnüşleriniň biri bolan keşdeçilik sungaty – gelin-gyzlarymyzyň on barmagyndan syzylyp çykyp, döwürleriň waspyny edýän sungat. Häzirki wagtda bu sungat diňe bir ýurdumyzyň çäginde ýaýraman, eýsem, dünýä döwletleriniň hem nazaryny özünde egläp bilýär. Ir wagtlar ýerine ýetirilen keşdäni görüp, şoňa görä keşdeçi zenanyň häsiýetini hem kesgitläp bilipdirler. Sebäbi gelin-gyzlarymyz bu sungaty ýerine ýetirenlerinde, öz ýürek telwasyny, duýgusyny siňdiripdirler. Keşdeçilik sungatynyň özi inçe duýgurlygy, sabyrlylygy talap edýär. Dürli sapaklardan matanyň ýüzünde ajaýyp sungaty döredip, onam toý-baýramlarda gelşirip, eginlerine geýmek diňe türkmen zenanlarynyň başarýan ussatlygydyr.
Keşde çekmek, haly, palas dokamak türkmen zenanlaryna has irki döwürlerden mahsus bolup, olar gelin-gyzlaryň çagalykdan öwrenýän hünäri bolupdyr. Keşde-gaýmalarda, dokmaçylyk önümlerinde oňa salynýan nagyşlaryň özboluşly atlary bolup, olar, esasan hem, çemenzarlyklaryň, sähra-düzleriň, haýwanlaryň, guşlaryň, asman jisimleriniň atlary bilen baglanyşyklydyr. «Çynar», «maralgoçak», «tazyguýruk», «güjük yzy», «at toýnak», «garlawaç guýruk», «guşly», «Aý», «doly Aý», «on bäş Aý», «ýylanöwük», «goçak», «iner dişi», «düýe göz», «gowaça gül», «kädi gül», «kepderi», «atgulak», «kebelek» ýaly nagyşlar öz gözbaşyny müňýyllyklardan alyp gaýdypdyr. Ähli barlygy inçeden yzarlamagy, syzmagy ussatlyk bilen başaran ene-mamalarymyz türkmen tebigatynyň nagyşlardaky beýany bolan el işlerini öz durmuşlaryna mahsus, gündelik görüp ýören janly-jansyz ähli närselerinden meňzetme alyp döredipdirler, daş-töweregini gurşap alan gözellikden bolsa ylham alypdyrlar. Keşde hem dokma nagyşlarynda duş gelýän «tazyguýruk», «güjük yzy», «iner dişi», «at toýnak» ýaly nagyşlaryň atlary her bir türkmen ojagyna mahsus bolan öý haýwanlarynyň ady bilen baglanyşyklydyr. Pederlerimiziň türkmen alabaýyna bolan hormatyny behişdi bedewlerimize goýulýan sarpa bilen deňeşdirmek mümkin. Maşgalanyň bir agzasy hökmünde at goýlup, ýörite idedilmegi, şejere daragtynyň yzarlanmagy, seçgi geçirilmegi, tohum arassalygynyň saklanmagy türkmen ojagynda alabaýyň sarpasynyň niçiksidigini äşgär edýär. Hatda gadymy otparazlyk dininiň mukaddes kitaby «Awestanyň» tutuş iki baby bu jandaryň wepalylygyna bagyşlanýar.
Milli keşdeçilik sungatynda ata-babalarymyzyň pähimleri, ene-mamalarymyzyň mähir-yhlasy jemlenendir. Şoňa görä-de, biz keşdeçilik sungatyna, milli mirasymyza sarpa goýmak bilen, bu gymmatly mirasy geljekki nesillere ýetirmelidiris.
Ýaktjan DJUMANIÝAZOWA,
Daşoguz welaýatynyň Şabat etrabyndaky 28-nji orta mekdebiň mugallymy.