Arly gyş möwritini pasyllar soltany hasaplanylýan bahara geçirmegi bilen daş töwerek ýaşyl begrese bürenip, daragtlar pyntyk ýaryp gunçalar lälezarlyga öwrüldi. Tebigatyň janlanyp tebigat gözellikleriniň şugla saçýan pursatlary toprak bilen bagyrlary badaşan babadaýhanlar ekin meýdanlaryna çykyp yhlas hyjuwlar siňdirip bol hasylyň düýbini tutmaga girişdiler. Pasyllar soltany hasaplanylýan baharyň ajaýyp günleri özüniň arassa, mylaýym howasy bilen jana tenekär bolup, zähmete hyjuw, watana söýgi döredýär.
Howa, türkmen tebigatynyň täsinliklerini söz bilen beýan edip soňuna çykar ýaly däl. Ýurdumyzyň islendik künjeklerinde aklyňy haýrana goýýan täsinlikleri mese mälim görmek bolýar.
Bahar paslynyň şu günleri daş töwerek has-da gözelleşýär. Günüň nuruna eýlenen täsin tebigat ýazda üýtgeşik görnüşe eýe bolýar. Garlary eredip, bulaklary döreden bahar pasly öz gözelligini äleme çaýýar. Ähli pasyllaryň hem özboluşly gözelligi, aýratyn öwüşgini bar. Ýöne bahar paslynyň gözellegine taý geljek gözellik ýokdur. Bahar ähli pasyllaryň soltany hasaplanylýar. Baharda baýyrlar, düzler, giň sähralar ýaşyl begrese bürenýär. Agaçlar pyntyk ýaryp, dünýäniň owadanlygyna has-da görk berýär.
Guşlaryň bir-birinden galmajak bolup saýraýyşlary, säher bilen asudalygyň aýdymyny aýdyşlary diýseň täsin. Asmandan inýän ýagyş damjalary öz akymy bilen adamlaryň göwünlerini galkyndyryp goja zemine rysgal-bereket paýlaýar. Gözel tebigatly owadan bahar özüniň tämiz, ýalkymly we ajaýyp howasy bilen dünýämize, ýüreklerimize aralaşýar.
Baharyň her bir güni, her pursatlary owadan. Baharyň ýüreklerde joşgun döredip, janly-jandarlary, tutuş tebigaty oýaryşy owadan. Baharda zeminiň ýaşyl begrese bürenip, oňa-da elwan güllerden keşde çekişi owadan. Owadan bahar her gezek jahana dolanda, täsin röwüş bilen nurlanýar. Bütin barlygyň duýgular dünýäsinde janlanyp, tebigatyň häsiýeti ynsanyň häsiýetinde şöhlenen bolmaly. Gözelligiň soltany bolan näzijek güller bahar paslynda has-da owadan görke eýe bolýarlar. Göýä olar ynsan mährinden güýç alýan ýaly, ýaz şemalyna ýuwaşja ygşyldap, öwüşgün atýarlar. Daşymyzy gurşap alan ak, gyzyl, sary, gyrmyzy güller gözelligiň hem bagtyň nyşany kimin yslaryny çar tarapa ýaýradýarlar. Tebigatyň gözelligine bir-birine dürli öwüşgin çaýýan, ösümlik we haýwanat dünýäsi täsindir. Diýarymyzyň ajaýyp tebigaty türkmenleriň ruhy dünýäsi bilen sazlaşandyr. Bu hakykat adam bilen tebigatyň ysnyşykly, jebis ýaşaýandyklaryny görkezýär. Ynsan tebigatdan, onuň gözelliklerinden ruhy lezzet alýar.
Hawa, tebigatymyzyň täsin gözelligi her bir ynsany özüne maýyl edýär. Bahar paslynda saýrak guşlaryň ýakymly owazlaryny eşidip ruhyň göterilýär. Daglaryň başyndaky garlaryň pagyş-para eräp, dumly-duşda şildirişleri hem bahar paslynyň gudratydyr. Baharda parç bolan gül-gülälekler, terje otlar kalbyňy joşdurýar. Bahar paslynyň çagbasyny göz öňüne getirmek diýseň ýakymly. Ýere bereket bolup inen ýagyn baharyň gözelligine gözellik goşýar. Şol pursatda ýagyş-ýagmyryň şybyrdap ýagşyny ýa-da ýagmyrdan soň jümle-jahanyň täze öwüşgine eýe boluşyny, tämizligini ýada salanda ynsan kalbyny joşa getirýär.
2024-nji ýylyň bahary özüniň hoştap howasy bilen köňüllerimize şatlyk paýlaýar. Geçen oba hojalyk ýylyny ajaýyp üstünliklere beslän babadaýhanlarymyz “Pähim paýhas ummany Magtymguly Pyragy ” ýylynyň nowjuwan baharyny ýokary ruhubelent duýgulary bilen gurşalyp, ösüşiň täze belentliklerine sary ynamly gadamlaryny goýdular.
Goý, bütin türkmen halkyna müdimi bahary peşgeş beren pasyllar soltany teşne göwünleri galkyndyrsyn. Goý, pasyllar soltany hasaplanylýan bahar özüniň mylaýym, hoştaplygy bilen sowulmaz ýazlary getirsin.
Pasyllaryň şuglaly, ýurdumyzyň asuda, abadançylygyny ähli zatlardan ileri tutýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, il-ýurt bähbitli tutumly işleri rowaç alsyn. Baharyň her bir güni ynsan kalplaryny joşa getirsin!

Şöhrat Ýagmurow, Türkmenistanyň Tebigaty Goramak jemgyýetiniň Lebap welaýat bölüminiň uly gözegçisi.