Bäş müň ýyl­lyk ta­ry­hy bo­lan as­ly ha­lal mer­da­na hal­ky­myz­da paý­has­ly pe­der­le­ri­miz­den mi­ras ga­lan aja­ýyp däp-des­sur­la­ryň, öz­bo­luş­ly edim-gy­lym­la­ryň, mil­li­li­ge ýug­ru­lan toý-baý­ram­la­ryň en­çe­me­si bar. Ola­ryň kö­pü­si dür­li dö­wür­le­riň, eý­ýam­la­ryň do­wa­myn­da dö­räp, üs­tün­den wagt geç­di­gi­çe kä­mil­le­şip, hal­kyň aňy­na, dur­mu­şy­na mi­ze­mez ýol-ýö­rel­ge hök­mün­de or­nap­dyr we ka­da-ka­nu­na öw­rü­lip gi­dip­dir. Asyr­la­ryň sy­na­gyn­dan ge­çip, mer­di-mer­da­na ata-ba­ba­la­ry­myz­dan bi­ziň gün­le­ri­mi­ze çen­li ge­lip ýe­ten şeý­le baý­ram­la­ryň bi­ri hem Now­ruz baý­ra­my­dyr. Now­ruz baý­ra­my tog­san do­lup, ýe­re ýy­ly gi­den des­si­ne, uzak gör­nen ga­zap­ly gyş öz möw­ri­ti­ni ötü­rip, or­nu­ny ýa­kym­ly ýaz­la­ra be­ren­den soň, çog­ly Gü­ne­şiň ýy­ly mäh­ri­ne gyş uku­syn­dan oýa­nan ga­dy­my türk­men top­ra­gy gül-gun­ça­la­ra bes­le­nen­de bel­le­nil­ýär. Abu Reý­han Bi­ru­ny­nyň «As­ma­nyň ýal­ky­my Ze­mi­ne dü­şüp, ýe­riň söý­gü­si­ni joş­dur­ýar» di­ýip bel­leý­şi ýa­ly, Now­ruz­da Ku­ýaş nu­run­dan görk alyp, ýa­kym­ly ýaz ýa­gyş­la­ry­na ezi­len agaç­lar pyn­tyk­lap, ýaý­la­lar ýa­şyl beg­re­si­ni ge­ýin­ýär. Ata-ba­ba­la­ry­my­zyň «Now­ruz gel­se, buz dur­maz, ha­la­dy ge­çen – gyz» di­ýip, aý­dy­şy ýa­ly se­ri du­man­ly go­ja dag­la­ryň ga­ry eräp, boz bu­lak­lar do­lup daş­ýar. Giň älem şil­di­räp şel­pe kak­ýan çeş­me-çaý­la­ryň be­ýik­den pes­li­ge ta­rap akanda eşidilýän şi­rin owa­zy, ba­ha­ryň hoş­tap ho­wa­syn­dan jo­şa ge­len guş­la­ryň da­ra­ýy don­ly ýaý­la­la­ra ýaň sal­ýan şa­dy­ýan nag­ma­la­ry, öri meý­dan­lar­da iki­ýa­na ýüw­rüp, bök­jek­leş­ýän ena­ýy­ja ow­lak-gu­zu­la­ryň mä­leş­ýän ses­le­ri bi­len gur­şal­ýar. Ja­na te­ne­kar hoş­tap ho­wa­sy, se­leň-säh­ra­la­ryň gül-gü­lä­lek­le­ri, ak kö­me­lek­le­ri, owadan ke­be­lek­le­ri älem-ja­ha­ny joş­du­ryp gö­wün­le­ri gö­ter­ýär.
Te­bi­gy gö­zel­lik­le­riň buş­luk­çy­sy, ýa­şaý­şyň, ýaş­ly­gyň, ag­zy­bir­li­giň, bag­ty­ýar­ly­gyň ke­pi­li bo­lup, aja­ýyp ba­har pas­lyn­da uly da­ba­ra bi­len bel­le­nil­ýän Now­ruz baý­ra­my öz gözbaşyny has ir­ki dö­wür­ler­den alyp gaýdýar. Bu baý­ra­my ady ro­wa­ýa­ta öw­rü­len, yn­sa-jyn­sa hö­küm eden Jem­şi­diň tag­ta çy­kan gü­ni bi­len hem bag­la­nyş­dyr­ýar­lar. Gün­do­gar halk­la­ry­nyň çuň­ňur söý­gü­si­ne my­na­syp bo­lan Now­ruz baý­ra­my­ny, esa­san, Gün­do­gar halk­la­ry bel­le­ýär­ler. Hut şo­nuň üçi­nem Mag­tym­gu­ly­nyň «Ýer­de Now­ruz hor­ma­ty» di­ýip bel­leý­şi ýa­ly, hal­ky­myz­da Now­ruz baý­ra­my­na bo­lan hor­mat-sar­pa ýokarydyr.
Now­ruz baý­ra­myn­da se­me­ni taý­ýar­lan­ýar. Ta­gam go­ýa­lyp taý­ýar bo­lup baş­lan­da, onuň ýü­zün­de Äşe-Pat­ma­nyň bar­mak­la­ry­nyň yzy gö­rün­ýär di­ýip yrym edip­dir­ler we onuň gö­rün­me­gi­ne ga­ra­şyp­dyr­lar. Ak-gö­güň, çal-süý­düň bo­lu­gyp, dün­ýäň lä­le-reý­han, ala­ýaz wag­ty bel­le­nil­ýän Now­ruz baý­ra­myn­da türk­men ze­nan­la­ry sa­çak­la­ry­nyň be­re­ket­li bol­ma­gy üçin mil­li ta­gam­la­ry­ň bir­nä­çe gör­nüş­i­ni taý­ýar­la­ýar­lar. Ge­lin-gyz­lar ir dö­wür­ler­de mon­ju­gat­dy oý­nap, lä­le ka­kyp, ga­zal aý­dyp şat­la­nan bol­sa­lar, hä­zir­ki dö­wür­de döw­re­bap öwüş­gin­ler bi­len baý­ra­my gar­şy­la­ýar­lar. Ma­ny-maz­mun taý­dan ýyl geç­di­gi­çe baý­laş­ýan Now­ruz baý­ra­my ýur­du­myz Ga­raş­syz­ly­gy­ny ala­ny bä­ri her ba­har­da uly da­ba­ra bi­len bel­le­nil­ýär. Bu ýyl be­ýik ösüş­le­re, tä­ze be­lent­lik­le­re çy­kan gü­neş­li Di­ýa­ry­my­za jüm­le-ja­ha­ny jan­lan­dy­ryp, kalp­la­ry­my­zy şat­lyk­dan, buý­sanç­dan pü­re-pür­läp ge­len pa­syl­la­ryň sol­ta­ny ha­sap­lan­ýan ba­har go­şa­la­nyp gel­di. Çün­ki asyr­lar­dan aşyp, bi­ziň gün­le­ri­mi­ze çen­li ge­lip ýe­ten ga­dy­my Now­ruz baý­ra­my bu ýyl «Pä­him-paý­has um­ma­ny Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy» ýy­ly diý­lip at­lan­dy­ry­lan 2024-nji ýyl­da şyg­ry­ýet äle­mi­niň şa­sy Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy­nyň 300 ýyl­ly­gy my­na­sy­bet­li ge­çi­ril­ýän baý­ram­çy­lyk da­ba­ra­la­ry bi­len ut­ga­şyp, ýo­ka­ry de­re­je­de bel­le­nil­er.
Ber­ka­rar ýur­du­my­za ge­len Now­ruz­da türk­men säh­ra­sy­ gül bo­lup açyl­syn! Gah­ry­man Arkadagly, Ar­ka­dag­ly Gah­ry­man Ser­dar­ly hal­ky­my­zyň toý­la­ry to­ýa ulaş­syn!

Göw­her Ne­pe­so­wa,
Bal­kan we­la­ýa­ty­nyň Po­li­si­ýa mü­dir­li­gi­niň 4-nji bö­lü­mi­niň uly gö­zeg­çi­si, po­li­si­ýa­nyň ma­ýo­ry.