2023-nji ýylda dünýäde tebigy tropiki tokaýlaryň ýok edilmegi ýokary tizlik bilen dowam edip, umumy meýdany 37 müň inedördül kilometre deň bolan çäkler ýok edildi. Bu barada Dünýä resurslary institutynyň (WRI) we Merilend uniwersitetiniň maglumatlarynda tassyklanýar. Bilermenleriň bellemegine görä, bu ýagdaý tokaýlaryň minutda 10 futbol meýdançasy tizliginde ýitendigini aňladýar.
Maglumatlarda geçen ýyl Braziliýada we Kolumbiýada tokaý ýitgileriniň 2022-nji ýyl bilen deňeşdirilende, degişlilikde, 36 göterim we 49 göterim azalandygyna garamazdan, käbir ýurtlarda olaryň öňki derejelerinde saklanýandygy ýa-da ýokarlanandygy bellenilýär. Braziliýa tokaý ýitgileriniň depginini haýallatsa-da, ýurt Kongo Demokratik Respublikasy we Boliwiýa bilen bir hatarda tebigy tropiki tokaýlaryny ýitiren üç ýurduň biri bolmagynda galýar. Olaryň ählisi bilelikde umumy ýok edilmäniň uly bölegine sebäp boldy.
Kongo Demokratik Respublikasy 2023-nji ýylda ýarym million gektardan gowrak tebigy tropiki tokaýlaryny ýitirdi. Boliwiýada bolsa 2023-nji ýylda tokaý ýitgileri 27 göterm ýokarlanyp, yzygider üçünji gezek iň ýokary derejä ýetdi. Şeýlelikde, bu ýurt tokaý ýitgileri babatda tropiki ýurtlaryň ählisiniň arasynda üçünji orny eýeledi.
Kanada 2023-nji ýylda ýangynlar sebäpli 8 million gektardan gowrak tokaý ýitgisine sezewar boldy. Şol bir wagtyň özünde, tokaý ýitgileriniň 51 göterimi ýangynlar, galanlary bolsa adam işjeňligi bilen baglanyşyklydyr.
2021-nji ýylda ähli tokaýlaryň 90 göterimini özünde saklaýan dünýäniň 145-den gowrak döwleti 2030-njy ýyla çenli tokaýlaryň ýok edilmek meselesini çözmek barada ylalaşdylar. Ýöne bilermenler dünýäniň bu maksatlara ýetmekden heniz irdigini belläp, global tokaý ýitgileriniň ýene birnäçe ýylyň dowamynda üýtgemejekdigini öňe sürýärler.