Amerikaly we ýewropaly alymlar klimat boýunça Pariž şertnamasyny doly ýerine ýetirmek we global maýlamany 1,5 derejede saklamak üçin adamzadyň şu asyryň ortalaryna çenli her ýyl atmosferadan 5,1 milliard tonna kömürturşy gazyny çykarmalydygyny anykladylar. Bu barada Beýik Britaniýanyň Gündogar Angliýa uniwersitetiniň (UEA) metbugat gullugy habar berdi.
Bu ozal çak edilişinden ep-esli köpdür we başda meýilleşdirilişi ýaly, zyňyndylaryň kem-kemden nola çenli azaldylmagynyň ýeterlik däldigini aňladýar. Beýik Britaniýanyň Gündogar Angliýa uniwersitetiniň (UEA) klimatologlarynyň pikirine görä, dünýäniň ýurtlary kömürturşy gazyny sorup almagyň we saklamagyň tehnologiýalaryny işläp düzmek we ornaşdyrmak üçin tagallalary işjeňleşdirmeli. Şol bir wagtyň özünde zyýanly gazlaryň zyňyndylaryny mümkin boldugyça çalt azaltmaga çalyşmalydyr.
Barlag geçirijiler dürli ýagdaýlary seljerip, zyňyndylary azaltmak boýunça ähli borçnamalar ýerine ýetirilendäki iň optimistik çaklamada-da her ýyl atmosferadan 3,2 milliard tonna kömürturşy gazyny çykarylmaly bolar diýen netijä geldiler. Bu maksatlara ýetmek täze tehnologiýalary ösdürmekde we ornaşdyrmakda ep-esli maýa goýumlaryny, şeýle hem giň gerimli halkara hyzmatdaşlygyny talap edýär.
2015-nji ýylda gol çekilen klimat boýunça Pariž şertnamasy howanyň üýtgemeginiň ýaramaz täsirlerine garşy göreşmäge gönükdirilen halkara şertnamasydyr. Ylalaşygyň maksady global temperaturanyň ýokarlanmagyny senagatdan öňki derejeler bilen deňeşdirilende, 1,5-2 gradusa çenli çäklendirmekden ybarat. Ylalaşyga gatnaşýan ýurtlar ýyladyşhana gazlarynyň zyňyndylaryny azaltmaga we gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerini ösdürmäge maýa goýmaga borçly edildi.