Tomusky dynç alyş möwsüminde çagalara şatlyk paýlaýar
Bilşimiz ýaly, çagalaryň ýatdan çykmajak pursatlara beslenen tomusky dynç alyş möwsümi başlandy. Çagalar üçin niýetlenen dynç alyş meýilnamalarynda paýtagtymyzyň, welaýatlaryň ajaýyp künjeklerine, taryhy-medeni ýadygärliklere, muzeýlere, seýilgählere gezelençleriň guralmagy göz öňünde tutulýar. Paýtagtymyzda we welaýatlarymyzda gurlup ulanmaga berilýän döwrebap çagalar baglarynyň, mekdepleriň, sport, sagaldyş, medeni dynç alyş merkezleriniň sany ýylsaýyn artýar. Şeýle ýerleriň biri hem paýtagtymyz Aşgabadyň gözel künjeginde ýerleşýän «Ertekiler dünýäsi» medeni dynç alyş merkezidir. Bu ýerde ýaş nesliň wagtyny gyzykly we peýdaly geçirmegi üçin ähli zerur şertler döredilendir. Merkeziň hünärmenleri çagalaryň tomusky dynç alşyny guramaga hemmetaraplaýyn taýýarlyk gördüler. Olar ýörite medeni-dynç alyş maksatnamasyny işläp taýýarladylar. Bilelikdäki tagallalar esasynda medeni dynç alyş merkezinde her ýyl tomus möwsüminde dürli ýaşly çagalara niýetlenen köp sanly çäreler guralýar.
Ajaýyp durmuşyň we bagtyýar ýaşaýşyň gülläp ösýän mesgenine öwrülen paýtagtymyz Aşgabadyň gözel künjeginde ýerleşýän «Ertekiler dünýäsi» medeni dynç alyş merkezi bölekleýin abatlanyp, durky täzelendi. Durky täzelenen medeni dynç alyş merkezi çagalar we uly ýaşlylar üçin gapylaryny giňden açyp, her birimizi türkmen ertekileriniň jadyly dünýäsine alyp gidýär. Seýilgähiň tutýan meýdany 35 gektara barabar bolup, bu ýerde tizlik we lezzetli dynç alşy halaýanlar üçin häzirki zaman ýaryş awtoulaglaryny özünde jemleýän açyk asmanyň astyndaky karting meýdançasy bar. 5 müň inedördül metrlik täze ýaşyl gazon we 4 müň inedördül metrlik asfalt ýol bu ýerde guralýan bäsleşiklere ýatdan çykmajak lezzet çaýýar.
Medeni dynç alyş merkeziniň üsti bu ýerdäki döwrebap aýratynlyklar hem-de beýleki gözel ýerler bilen ýetirildi. Seýilgähde bezelen çyralar, uly bolmadyk binagärlik şekilleri oturdyldy. Şeýle hem oýun meýdançalary çagalaryň we ýetginjekleriň göwnüne ýaraýar. Geçirilen abadanlaşdyryş işleriniň häsiýetli aýratynlygy bu ýeriň öňki özboluşlylygynyň täze oturdylan çydamly hem-de hemişe gök öwüsýän ösümlikler bilen utgaşdyrylmagydyr.
«Ertekiler dünýäsi» medeni dynç alyş merkezinde giň göwrümli çäreler geçirilýär. Çagalara bu ýerde dürli görnüşli hiňňildikler, seýilgäh çarhy, ulaglar kerweni, pyrlanýan çäýnek-käse, çaýkanýan gämi, uçýan haly, bökdürýän agaç, sessiz uçar, tans meýdançasy, aýlawly depejikler ýaly gyzykly attraksionlar garaşýar.
Umuman, «Ertekiler dünýäsi» medeni dynç alyş merkezinde geçjek her bir gün çagalar üçin ýatdan çykmajak pursatlara baý bolar. Sebäbi olarda wagtyňy gyzykly we peýdaly geçirmek üçin ähli şertler döredilendir. Munuň özi ýurdumyzda mekdep okuwçylarynyň dynç alyşlaryny gyzykly we peýdaly geçirmekleri barada alada edilýändiginiň aýdyň mysalydyr.
Mährijemal Bereketowa,
Aşgabat şäherindäki 45-nji orta mekdebiň mugallymy, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň işjeň agzasy.