Koreýa Respublikasynyň Prezidenti Ýun Sok Ýoluň Merkezi Aziýa ýurtlaryna sapary dowam edýär. Dostlukly ýurduň Baştutany bu saparyna biziň ýurdumyzdan başlady. Koreýa Respublikasynyň Prezidenti Ýun Sok Ýol ýurdumyza amala aşyran iki günlük döwlet saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow hem-de Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen duşuşyklary geçirdi. Koreýa Respublikasynyň Prezidentiniň sebit ýurtlaryna amala aşyrýan sapary Gazagystandan soň Özbegistanda dowam edýär.
Mälim bolşy ýaly, Koreýa Respublikasynyň Hökümeti geçen hepdede Merkezi Aziýa babatda ilkinji diplomatik strategiýany – «Koreýa-Ýüpek ýoly» (K-Silk Road initiative) hyzmatdaşlyk başlangyjyny hödürledi. Bu başlangyç barada Prezidentler Serdar Berdimuhamedowyň we Ýun Sok Ýoluň arasynda geçirilen ýokary derejedäki gepleşiklerde agzalyp geçildi.
Koreýa Respublikasynyň Merkezi Aziýa ýurtlaryna saparynyň öň ýanynda Seulyň Milli howpsuzlyk geňeşiniň müdiriniň birinji orunbasary Kim Te-hýo metbugat ýygnagyny geçirdi. Onuň sözlerine görä, Koreýa bilen Merkezi Aziýa ýurtlary Koreýa-Merkezi Aziýa sammitini dörederler we geljek ýyl ilkinji ýygnagyny geçirerler. Kim mundan ozal Prezident Ýunuň geçen ýyl Koreý-Ýuwaş Umman adalary hem-de şu aýyň başynda Koreýa-Afrika sammitini geçirendigine ünsi çekip, geljek ýyl guraljak sammitiň hökümetiň diplomatik ýaýrawyny giňeltmegi baradaky tagallasynyň netijesidigini aýtdy. Sammit Koreýa Respublikasy bilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasyndaky hyzmatdaşlyklar üçin täze platformany döretmegi maksat edinýän bu başlangyjyň çäklerinde geçiriler.
Kim «Koreýa-Ýüpek ýoly» başlangyjynyň Koreýa bilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy has ýokary derejelere çykarjakdygyny belledi. Bu başlangyç bilen esasy dört ugurda – serişdeler, ösüş maksatly resmi goldaw, medeni we halklaryň arasyndaky alyş-çalyş hem-de döwlete degişli we hususy pudaklaryň arasynda tor emele getirmek babatda hyzmatdaşlyk ediler.
Koreýa Gazagystan bilen energiýa we infrastruktura hyzmatdaşlygyny, Gyrgyzystan bilen syýahatçylyk we suw serişdeleri babatda hyzmatdaşlyk hem-de Türkmenistan bilen energetika zawodynyň gurluşygyny amala aşyrmakda hyzmatdaşlyk etmäge üns berýär.
Soňky ýyllarda sebitiň halkara derejesindäki abraýy barha artýar. Dünýäniň senagat taýdan ösen iri döwletleri sebit bilen has ýygjam aragatnaşygy ýola goýmaga gyzyklandyrma bildirýär. Mundan ozal ABŞ, Ýewropa Bileleşigi we Germaniýa ýaly döwletler sebit ýurtlary bilen 5+1 sammitlerini geçiripdiler.