Abu-Dabide Şeýh Zaýed adyndaky milli muzeýiniň gurluşygy tamamlanýar. Futuristik gurluşyň esasy aýratynlygy onuň bäş sany heýkel ganatydyr. Bu diňe bir bezeg bilen çäklenmän, eýsem, onuň özboluşly binagärlik elementleri içerki salkynlygy saklamaga hem niýetlenendir. Açylyş 2025-nji ýylda meýilleşdirilýär diýip, “New Atlas” habar berýär.
Muzeý BAE-niň ilkinji Prezidenti Şeýh Zaýediň hormatyna gurulýar. Onuň ajaýyp dizaýny Emirlikleriň düýbüni tutujy şeýh Zaýediň laçyn awlamaklyga we ýurduň daglyk ýerlerine bolan söýgüsini ýatladýar. Esasy bina 30 metr beýiklikdäki depe görnüşinde ýerine ýetirilip, polat ganatlar 83-den 123 metre çenli beýiklige göterilýär. Desga çylşyrymly gurluşy sebäpli, gyzgyn howany özüne çekmek bilen tüsseçykar ýaly hereket edýärler.
“Howa galareýalar arkaly edil tüsseçykardan çykýan ýaly, ýokary göterilýär. Ganat görnüşli diňleriň ýokary böleginde yssy howany sorujy wentilyasiýa deşikleri bar. Arassa howa aşakda saklanyp, ýere gömlen sowadyjy turbalara iberilýär, soňra bolsa muzeýiň westibýulyna aralaşýar – diýip, “Foster+Partners” kompaniýanyň işgärleri belleýärler.
Muzeýiň içinde gytaklaýyn tebigy yşyk bilen ýagtylandyrylan giň atrium bar. Iň ýokarky gatda dört sany kapsula görnüşli galereýa bar. Olaryň her biri ganatlaryň biriniň esasyny emele getirýär. Muzeý ulanmaga berlenden soň bu ýerde BAE-niň gadymy artefaktlaryndan başlap, häzirki zaman medeniýeti, şeýle-de Şeýh Zaýediň durmuş ýolunyň möhüm pursatlary bilen tanşyp bolar. Şeýh Zaýed adyndaky milli muzeýiň döredilmegi, adybir adadaky Saadiýat sebitini ösdürmek boýunça has uly taslamanyň bir bölegidir. Bu sebit “Luwr Abu-Dabi” muzeýi, “Berkli Abu Dabi” konserwatoriýasy we häzirki wagtda gurulýan Tebigat taryhy muzeýi ýaly ýaly esasy syýahatçylyk ýerleriniň jemlenen medeni merkezidir.